
News
103

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda halk demokratiýasy dabaralanýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi munuň aýdyň subutnamasy bolar. Çünki Halk Maslahaty türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edilen bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Umuman, bu möhüm ähmiýetli resminama ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşynda uly waka bolan Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisiniň paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegini üpjün eder.
Baş baýramymyzyň—Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwle-timiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu işlere etrap, şäher, welaýat halk maslahatlarynyň agzalary hem işjeň gatnaşýar. Hususanda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin il içinde abraý mertebeden peýdalanýan, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýan, zähmetde hasda tapawutlanýan adamlary hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle-de jemgyýetçilik guramalary syýasy partiýalar bilen bilelikde edara-kärhanalarda, ylym-bilim edaralarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, ýurdumyzda milli demokratiýany dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşler barada wagyz-nesihat duşuşyklary, maslahatlary yzygiderli guraýarlar. Bu çärelerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berilýändigi buýsanç bilen nygtalýar. Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelerine, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan bu döwletli işler, hususanda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bagtyýar şu günümiziň, nurana geljegimiziň, ajaýyp durmuşymyzyň kepili bolup, halkymyzy geçirilýän giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşmak üçin yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Pursatdan peýdalanyp, halk häkimiýetine daýanyp, milli demokratiýanyň has-da dabaralanmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Altyn JUMAGYLYJOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti
öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
"WATAN"
24.08.2024ý. №68