Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

BELENT ÜSTÜNLIKLERE TARAP

21.09.2026

178

BELENT ÜSTÜNLIKLERE TARAP

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylyk we dostluk gatnaşyklaryny ilerletmek hem-de halkara jemgyýetçiligiň halkymyzyň medeni mirasy bilen tanyşdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli buýsanjy, dünýä medeni – mirasynyň gymmatly hazynalarynyň biridir. Ýaňy ýakynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlaryň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän «Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigi geçirildi. Ýewropa yklymynda ilkinji gezek geçirilen bäsleşige gatnaşan sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligini sungat eserlerinde çeper wasp etmekde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly we fotosurat eserleriniň üsti bilen olaryň taryhy ähmiýetini, gözelliginiň taryhy aýratynlyklaryny we halkara derejesindäki şan-şöhratyny giňden açyp görkezdiler. Bu bolsa şanly ýylda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly goşant boldy. Halkara bäsleşige sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa suratkeş mugallymlary we ýaş zehinli talyplary hem gatnaşdylar.

Behişdi bedewleriň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň «Garaşsyz» atly nakgaş eseri ýeňiji diýlip yglan edildi. Heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymlary Patdyk Patdykow «Maşgala» atly heýkel eseri I orna we Ahat Mälikow «At – myrat» atly heýkel eseri bilen II orna mynasyp boldular. Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa «Bedew» atly eseri bilen ganaşyp,  II orna mynasyp boldy. Ahalteke atlarynyň gözelligini fotosuratlarda wasp etmek boýunça amaly-haşam sungaty fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Nurmuhammet Ýolamanow «Behişdi bedewler» atly foto eserler toplumy bilen gatnaşyp, II orna mynasyp boldy.

Bu halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň baýrakly orunlaryna mynasyp bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar we begendirýär. Ahalteke bedewleriniň gözelligini dünýä ýüzünde ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Hesel BEKMURADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti

hünäriniň 2-nji ýyl talyby

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address