
News
159

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryndan ugur alyp ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly işler bu gün özüniň datly miwelerini bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmäge, ýaş nesle berilýän bilimi dünýäde nusgalyk derejä götermäge juda uly üns berýändigi halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Biz bu gün bilim we ylym ulgamy babatda kabul edilen taryhy Kararlardyr çözgütleriň barha rowaçlyklara beslenýändigine gündelik durmuşymyzda aýdyň göz ýetirýäris.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde, Balkan welaýatynda hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hem-de umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda işler giň gerimde alnyp barylýar. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda bilim işgärleri bilen guralan usuly-amaly okuwlarda hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçirilen awgust maslahatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen okuw ýylynda welaýatyň umumybilim edaralaryndan Türkmenistanyň Milli bilim institutynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär ýokarlandyryş merkezinde geçirilen usuly-amaly, hünär kämilleşdiriş okuwlaryna jemi 1 müň 33 sany pedagog işgärler gatnaşdylar. Welaýatyň bilim edaralarynda iş meýilnamasyna laýyklykda, baýramçylyklara bagyşlanyp dürli çäreler, göreldeli sapaklar, «Açyk gapylar» günleri, dabaraly nyzamlar hem-de synp sagatlary, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary, maslahatlar yzygiderli geçirildi.
«Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginiň çäginde 11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirilen ders bäsleşiginde türkmen dili we edebiýaty, rus dili, fizika, himiýa, biologiýa, iňlis dili, taryh, informatika dersleri boýunça jemi 15 sany baýrakly orunlara eýe bolundy. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylda welaýat boýunça 9 sany mekdep okuwçysy Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp boldy.
Ýaş nesle döwrebap bilim bermek işinde göreldeli zähmet çekýän pedagoglary, nusgalyk bilim edarasyny ýüze çykarmak, iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen, welaýatyň bilim edaralarynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşikleriň döwlet tapgyrynda «Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary» ugry boýunça Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gülbagt Muhammetgulyýewa, «Iň göreldeli synp ýolbaşçysy» ugry boýunça Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Saparnepes Atabaýew, «Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy» ugry boýunça hem Balkanabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Göwher Işmämmedowa baş baýraga mynasyp boldular. Welaýatyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara internet olimpiadalarynda 599 sany baýrakly orny eýelemegi başardylar. Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde 27 sany usuly-amaly okuwlar geçirilip, pedagog işgärleriň 726-sy hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdylar.
Bu usuly-amaly okuwlarda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» maksady we wezipeleri barada söhbet sapaklary guralyp, özara pikir alşyldy. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alyp, ähli dersler boýunça geçirilen usuly-amaly okuwlarda çykyşlara giň orun berildi, mugallymlaryň pikirleridir teklipleri beýan edildi. Her derse degişli okuw maksatnamalarynyň, elektron gollanmalaryň, bilim ulgamyna degişli düzgünnamalaryň, usuly-gözükdiriji hatlaryň, derslere degişli taýýarlanylan tanyşdyrmalaryň, audio-wideo gollanmalaryň elektron nusgasy usuly-amaly okuwlara gatnaşan diň-leýjilere paýlanylyp berildi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde geçirilen «Iň gowy taýýarlanan tanyşdyrylyş», «Iň gowy taýýarlanylan elektron okuw diwarlygy», «Kämil usulyýet — kämil bilimiň özeni» hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikler usuly ýörelgeleri netijeli ulanmakda, sanly ulgama erk etmek başarnyklaryny kämilleşdirmekde örän ähmiýetlidir.
2023-2024-nji okuw ýylynda Balkan welaýatynyň çäginde 165 sany umumybilim berýän orta mekdepler, 173 sany mekdebe çenli çagalar edaralary, 1 sany kömekçi mekdep-internaty, 1 sany welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy, 1 sany Çagalyk öýi, 11 sany Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi hereket etdi. Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde jemi 9 müň 829 sany işgär zähmet çekip, şolardan 6 müň 639-sy mugallymdyr. Welaýatda mekdep okuwçylarynyň sany hem jemi 125 müň 790 sanydyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda jemi 5 müň 340 sany işgär zähmet çekýär. Şolardan 1 müň 902-si terbiýeçi-mugallym bolup, terbiýelenýän çagalaryň umumy sany 25 müň 63-e ýetýär. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde 107 gurnak ýolbaşçysy, 407 topar bolup, 5 müň 498 çaga hünärleriň 38-si öwredilýär. 2023-2024-nji okuw ýylynda welaýat boýunça 7 müň 607 okuwçy mekdep uçurymy boldy. 2024-2025-nji okuw ýylynda bolsa birinji synpa 11 müň 538 çaganyň gelmegine garaşylýar. Olaryň her birine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sowgady bolan noutbuk kompýuteri dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Buýsandyryjy özgertmeler bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus möwsüminde balkanly mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde boldy. Welaýat boýunça täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görüldi. Bilimler we talyp ýaşlar gününde şanly ýylymyz bilen adybir ilkinji okuw sapagy geçiriler. Bu okuw sapagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmelerine, döwletimiziň yklymlara ýaň salýan şan-şöhratyna, gysga döwürde ýetilen belent sepgitlere bagyşlanar.
Ýusup AKMÄMMEDOW,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň
başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
"Türkmenistan"
24.08.2024ý. №214