Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Aşgabatdaky köp öwüşginli sergi-ýarmarka üstünlikli tamamlandy

23.08.2024

104

Aşgabatdaky köp öwüşginli sergi-ýarmarka üstünlikli tamamlandy

Düýn «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň jemleýji gününde göz öňünde tutulan çäreler hem ruhubelentlige beslendi. Körpeleriň, olaryň ene-atalarynyň gatnaşmagynda aýdym-saz we tans şüweleňleri, 6 — 9, 9 — 12 aýlyk çagalaryň arasynda emedekleme ýaryşy, Türkmenistanyň Taekwondo federasiýasynyň toparynyň görkezme, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnalaşdyrylan çykyşlary, kitap okamak, basketbol toruna topy oklap salmak, kiber oýunlar boýunça bäsleşikler guralyp, bu ýere gelenlere ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlady.

Mejlisler zaly, sergi zaly, sungat zolagy, kiberzolak ýaly bölümlerden ybarat sergi meýdançasy düýn has-da köp adamly boldy. Sungat zolagynda “Rishat” agentliginiň guramagynda geçirilen çagalar üçin öwrediji tans okuwyna körpeje jigilerimiz uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar ezber tansçylaryň daşary ýurt aýdymlary astynda ýerine ýetirýän hereketlerini gaýtalap, hem-ä tans öwrendiler, hem-de wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Surat çekmegi, toýundan dürli şekilleri ýasamagy, naşyja monjuklar bilen bezeg işlerini ýerine ýetirmegi öwredýän we sungatyň beýleki birnäçe görnüşlerini şöhlelendirýän pawilýonlar hem çagalary gujak açyp garşylady. Sungat adamlary ýakynlaşdyrýar, gözellige bolan söýgini artdyrýar. Köpugurly halkara sergi-ýarmarka hem ýaşajyk paýtagtlylara täze dostlary tapynmaga, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam etdi. 

Kiber zolagyna baryp, robot tehnikalaryny ýasamagy, dürli kompýuter programmalarynda işlemegi öwrenýän çagalary göreniňde, buýsanjyň artýar. Amerikan merkeziniň guramagynda geçirilen kiberbäsleşik has-da gyzykly boldy. Onda ýeňiji bolan çagalara merkeziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 

— Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän sergi-ýarmarkanyň jemleýji gününde iň ýatda galyjy wakalaryň biri heniz bir ýaşyny doldurmadyk körpejelerimiziň arasynda 4 tapgyrda geçirilen emedekleme ýaryşy boldy. Onuň şertine laýyklykda, ýörite görkezilen belgä SMS habaryny ugradan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary Mähri we Annameret Seýitgeldiýewler hem oguljygy Ahmetnur bilen ýaryşa gatnaşdylar. Ahmetnur ýaryşda birinji orny eýeledi. Ýaryşy alyp baran Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow Ahmet nuruň şol gün ýeňşi bilen birlikde, doglan gününi hem baýram edýändigini habar berdi. Sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň ählisi emedeklemek boýunça Türkmenistanyň çempionyny goşa baýram bilen gutladylar. 

Gyzykly bäsleşiklerdir okuw-ussatlyk sapaklaryndan soňra, serginiň guramaçylyk topary forumyň jemini jemlemek dabarasynyň başlanýandygyny habar berdi. Mälim bolşy ýaly, baýramçylyk çäresiniň başlan gününden bäri sergi meýdançasynyň çägindäki uly ekranda iň gowy bezelen pawilýony saýlamak boýunça onlaýn ses berlişik dowam etdi. Düýn şol ses berlişigiň hem jemi jemlenip, onuň netijesine laýyklykda, döwlet düzümlerine degişli pawilýonlardan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, hususy pudaga degişlileriň arasyndan bolsa “Ynamdar” onlaýn markediniň pawilýony ýeňiji hökmünde saýlanyldy. Forumyň guramaçylary bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we “Türkmen Ekspo” kompaniýasynyň adyndan ähli gatnaşyjylara, döwlet, hususy düzümleriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine diplomlardyr şahadatnamalar gowşuryldy. Ýeňijiler 2025-nji ýylda geçiriljek “Kids Ekspo” halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga hem-de öz pawilýonlaryny gurnamaga hukuk gazandylar. 

— Bu halkara forum Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyny aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy döwrebap derejede ösdürilýär. Ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesle ylym-bilim bermekde, döwrebap tehnologiýalary öwretmekde halkara tejribeler özleşdirilip, uly öňegidişlikler gazanyldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň sergi pawilýony hem şol ösüşleri aýdyň şöhlelendirip, ýurdumyzyň bilim işgärleriniň alyp barýan işlerini, okuw-terbiýeçilik ulgamynda ulanylýan täzeçil enjamlarydyr tehnologiýalary görkezdi. Şonuň üçin-de biziň pawilýonymyza ýokary baha berlip, açyk onlaýn ses berlişik esasynda ýeňiş gazandyk. Şeýle iri sergilere gatnaşmaga döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy beýan edýäris — diýip, Bilim ministrliginiň pawilýonyna wekilçilik eden Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň hünärmeni Maral Gulnazarowa söhbetdeşlikde aýtdy. 

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW. 

“Türkmenistan”,


23.08.2024ý. №213

Çeşmesi: Turkmenmetbugat

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address