Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Asylly käre buýsanç

23.08.2024

115

Asylly käre buýsanç

Mugallymçylyk — dünýädäki iň asylly hünärleriň biri. Indi kyrk ýyl bäri mugallymçylyk edýärin welin, şonda-da her ýyl «Ilkinji jaň» dabarasynyň öňüsyrasynda tolgunýaryn. Sebäbi bu dabara öňümizde jogapkärli möwsümiň — täze okuw ýylynyň başlanýandygynyň buşlukçysy. Bu jaň sesi mundan kyrk ýyl öň ilkinji sapar çaga okatmak üçin synpa girenimdäki tolgunmamy ýada salýar.

Häzir Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde mugallym bolup işleýärin. Biziň mekdebimizde okap, hünär edinen ýaşlar Mary we Lebap welaýatlarynyň orta mekdeplerinde başlangyç synp mugallymy ýa-da mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim işgäri we terbiýeçi bolup işleýärler. Şundanam görnüşi ýaly, kärimiz ýurdumyzyň ösüp gelýän körpe nesline döwrebap terbiýe we başlangyç bilim bermek bilen gönüden-göni bagly.

Döwrüň geljegi ýaşlara bagly. Ýakyn onýyllyklarda ýurduň ýüzi we daýanjy boljak ýaşlaryň geljegi şu günki mekdep okuwçylarynyň terbiýesine we alan hünärine bagly. Olaryň watançy, zähmetsöýer, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmeklerinde mekdep mugallymlaryna örän uly jogapkärçilik degişli. Biz okadýan okuwçylarymyzyň aňyna ilki bilen Watan mukaddesliklerini guýmaga çalyşýarys. Okuwçylarymyza halkymyzyň taryhy, mirasy, milli edep-terbiýesi hakda giň düşünje bermäge, milletimiziň urp-adatyna, sungat derejesine çykarylan senetlerine söýgi we buýsanç döretmäge çalyşýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu günki oglan-gyzlaryň ertir Watanymyzyň mynasyp ogullary-gyzlary bolup ýetişmelidikleri barada aýdanlaryndan ugur alyp, işlerimizi şo¬ňa laýyk guraýarys. 

Çekýän zähmetimiz ýerine düşýär diýip, buýsanyp aýtmaga hakymyz bar, tüweleme! Biziň mekdebimiziň uçurymlary bu günki gün mekdeplerde we çagalar baglarynda abraý bilen işleşip ýörler. Indi olaryň okadan okuwçylary ylymly-bilimli adamlar bolup, ýurdumyzyň döwlet edaralarynda, kärhanalarynda işleýärler, alym bolup, ylym bilen meşgullanýarlar, saglygy goraýyş, sport, hyzmat ediş, telekeçilik, garaz, her kim öz göwün söýen kärinde öndürijilikli işläp, Watanyň kuwwatyna kuwwat, abraýyna abraý goşýar. Şu zatlaryň hemmesi ilkinji edep-terbiýeden, başlangyç sapaklardan gözbaş alýar.

Biz başlangyç synplarda okadýanlary hem-de mekdebe çenli bilim we terbiýe berýänleri okadyp, olara hünär öwredýändigimiz üçin bagtlydyrys. Biziň jemgyýetde sylanylýan, hormat goýulýan kärimiz bar. Şeýle bagtyň gözbaşynda durup, ýaşlarymyzy okatmak-öwretmek üçin ähli şertleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize bimöçber alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Güljennet ANNAMEREDOWA,

Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk

mekdebiniň mugallymy.

"Türkmenistan" gazeti

23.08.2024ý. №213.

Çeşmesi: Turkmenmetbugat

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address