
News
107

Ýurdumyzda bilim-ylym ulgamy döwrebaplaşdyrylyp ösdürilýär. Biz ýaşlaryň bilim almagy we milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerimize ähli şertler döredilýär.
Ynha şu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Maňa-da talyp bolmak bagty miýesser etdi. Durmuşda talyplyk ýyllaryň ýatdan çykmajak begençli-buýsançly pursatlaryň biri bolup hakydaňda hemişelik galýar. Men Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebi oňat bahalar bilen okap üstünlikli tamamladym. Okan döwrümde dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdym. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň welaýat derejesinde Iňlis dili dersinden 2015-nji ýylda ikinji orna, 2021-nji ýylda Matematika dersinden ikinji we 2024-nji ýylda Fizika dersinden birinji baýrakly orna mynasyp boldum.
Geljekde ukyp başarnygymy, bilim derejämi artdyryp, bar ünsümi saýlap alan hünärimi kämilleşdirmäge gönükdirmek isleýärin. Watanyň geljekki ykbalyny biz ýaşlara ynanýan Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz okamaga, öwrenmäge ähli şertleri döredip berdi. Diýmek biz ýaşlara diňe ýeňişli menziller garaşýar. Şeýle ajaýyplyklary, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunymy aýdýaryn. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri mundan beýläk rowaç bolsun.
Muhammet Nurmuhammedow.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak
taýýarlygyň ugrunyň talyby.