Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

YHLASYM MYRAT TAPDY

23.08.2024

169

YHLASYM MYRAT TAPDY

“Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz” diýlişi ýaly, çagalykdan talyp bolmagy arzuw ederdim. Orta mekdepde kiçi synplarda okaýan döwrümden başlap, talyp durmuşy bilen içgin gyzyklanardym. Gazetdir, žurnallarda talyp durmuşy bilen baglanyşykly goşgy, hekaýa, oýlanmadyr makala çap edilen bolsa ürç edip okaýardym ýa-da teleýaýlymlarda çeper okaýyşlar goýberilýän bolsa hiç bir zady gözden salman görerdim. 

Hawa, çagalykdan başlan bu arzuwym, mende okuwa has-da jogapkärçilikli çemeleşmäge aýratyn bir höwes döretdi. Her gün okuwda azyndan 3-4 sany bäşlik almasam hasap däldi. Synpdaşlarym bilen bäsleşip okaýardym. Hiç birinden galmajak bolup, sapaga hemişe taýýardym. 

Aýlar aýlanyp ýyllar kerwen gurap geçip durdy. Ine-de, garaşylýan gün ýetip geldi. Soňky jaň. Okuw tamamlanyp döwlet synaglary başlandy. Synaglary oňat netijeler bilen tabşyryp, orta mekdebi tamamlandygym hakyndaky şahadatnamany elime aldym. Ykdysatçy käriň eýesi bolmak arzuwy dörän soň, men zerur resminamalary Türkmen döwlet maliýe institutyna tabşyrdym. 

Synaglara gowy taýýarlanyp, oňat netije bilen, 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby bolmak bagty maňa miýesser etdi. 

Il arasynda “Yhlasa –myrat”, “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýen köpmanyly pähimler bar. Elbetde, islendik zada zähmet siňdirseň, hözirini görmek-de özüň bilen bolýar. Adamzadyň yhlas bilen ýapyşsa almajak galasy ýok. Meniň şo çagalykda eden yhlasym myrada gowuşdy. Şunuň ýaly eşretli döwrüň bagtyýarlygyndan ruhlanyp okaýandygyma men diýseň begenýän.

Munuň üçin bolsa, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarym çäksizdir. Goý, biz ýaşlary baky bagtyň goýnunda ýaşadýan, ylymdyr bilimiň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun.

Polat HALNEPESOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 1-nji ýyl talyby.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address