
News
86

2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda meniň durmuşymda ýatdan çykmajak waka boldy. Çagalykdan ulaglar pudagyna bolan söýgim, yhlasym bu günki gün meni Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna alyp geldi. Ajaýyp döwrümiziň bagtly talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigine diýseň begenýärin. Talyp bolmak çagalyk döwrümiň, mekdep ýyllarymyň arzyly arzuwlarynyň biridi. Bu gün şol arzuwym hasyl boldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde bagtdan paýly ýaşlaryň uly topary bilen birlikde, ýokary okuw mekdebiniň bosagasyndan gadam basýandygyma, bu ýerde döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge mümkinçilik alýandygyma şatlygymyň çägi ýok.
Sanly ulgamy ösdürmeklik halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýär. Şoňa görä, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli amala aşyrylýar, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär.
Men hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigy zehinleri we başarnyklary bilen tapawutlanyp, umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 3-nji orna mynasyp boldum. Geljekde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ulgamy we innowasiýalary ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işlerde öz mynasyp goşandymy goşaryn.
Nesip bolsa, saýlap alan ugrumdan ýokary bilim alyp, geljekde ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň uly sepgitlere ýetmegi we bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagy babatdaky tagallalara mynasyp goşandymy goşaryn.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Watanymyzyň gülläp ösüşi, eşretli geljegimiz ugrunda durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Nuryýew Allamyrat
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby.