Ýaş zehinlerimiziň arasynda “GELIŇ AÝDYM AÝDALYŇ” atly wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň wokal ussatlygyny galkyndyrmak baş maksadymyzdyr.
Şu mukaddes maksatlardan ugur alyp, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde “Aýdym aýdalyň” atly wokal ansambllarynyň bäsleşigini uly dabaralylyk bilen gurnadyk we geçirdik.
Bäsleşige D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher Ýörite sungat mekdebiniň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary (okuw ýylyna garamazdan) aktiw gatnaşdylar.
1-nji tapgyr: Aýdymçylar aýdymyň bir bölegini (2 minutdan geçmeli däl) ýerine ýetirdiler. Bu tapgyryň jemine laýyklykda iň ýokary ses alan 3 sany ansambl saýlanyp, 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
2-nji tapgyr (Final): Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda 3 sany ansambl eseri a’capella (sazsyz) görnüşinde ýerine ýetirmek boýunça özara bäsleşdiler.
Bäsleşikde çykyşlara baha berilmegi üçin halypa mugallymlardan ybarat eminler topary zähmet çekdi. Emin agzalarynyň düzüminde “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymlary Arzygül Gylyjowa, Leýla Serdarowa, Aýgül Rejepowa, Begenç Moşiýew hem-de Ahal welaýat ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň mugallymy Ogulboldy Nuryýewa ýokary adalatlylyk bilen baha berip, ýeňijileri kesgitlediler.
Bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda sazsyz (a’capella) ýerine ýetirilen eserler gatnaşyjylaryň hakyky wokal ussatlygyny, ses arassalygyny we ansambl jebisligini aýdyň açyp görkezdi. Emin agzalary tarapyndan toplanan ballaryň jemlemesi boýunça ýeňijiler aşakdaky ýaly yglan edildi:
A’capella görnüşinde aýratyn ussatlyk we sazlaşyk görkezip, iň ýokary sesi toplamagy başaran Ahal welaýat ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň talyplary esasy ýeňiji boldular:
Atamyrat Daňatarow
Işanniýaz Agabaýew
Durdymyrat Rejepow
Hemra Illiýew
Ogulboldy Nuryýewa
Söýli Taçmyradowa
Merjen Orazowa
Täsirli wokal çykyşlary bilen tapawutlanan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Kerwen Annaýew we Hangeldi Wepaýew 2-nji orny eýelediler.
Özleriniň döredijilik başarnygyny aýdyň görkezen şol kafedramyzyň 3-nji ýyl talyby Aziza Sabirjanowa hem-de 1-nji ýyl talyby Anna Weliahmedowa 3-nji orny eýelediler.
Bäsleşigiň guramaçysy hem-de alyp baryjysy hökmünde, ýaşlarymyzyň wokal sungatyna bolan belent höwesini we erjelligini görmek bizi örän buýsandyrdy.
Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän, ýaşlaryň zehinini arşlandyrýan hem-de milli medeniýetimizi ösdürmäge uly üns berýän Ata Watanymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur sagbolsun aýdýarys! Ýaş aýdymçylarymyzyň sungat ýoly diňe üstünliklere we belent sepgitlere beslensin!
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymy Tylla Saryýewa



















