Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Bagtdan paýly, sylagdan serpaýly ýaşlar!

23.08.2024

129

Bagtdan paýly, sylagdan serpaýly ýaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny ösdürmeklige, ony kämilleşdirmeklige aýratyn üns berilýär. Bu ugurda kabul edilen ajaýyp çözgütler türkmen ýaşlarynyň çuň bilim alyp, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredýär. 

Ählimize mälim bolşy ýaly, ulag pudagy dünýäde globallaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Türkmenistan iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçilikleri bar.   «Hünärli hor bolmaz» diýlişi ýaly, hünär ynsanyň ýaraşygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatyň saýlan hünäriniň hakyky eýesi bolmagyna, öz ukyp-başarnygyny açyp görkezmegine hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikleri döredip berýär. 

2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda maňa hem , Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu bolsa meniň gazanan üstünliklerimiň ýene-de biri boldy. Men 2022-nji ýylda sportuň söweş sambosy görnüşi boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde baýrakly II-orna 2024-nji ýylda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde I-orna, şeýle hem 2024-nji ýylda kik-boks boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde mynasyp bolmagy başardym. Bu ýeňişler meni geljekki üstünliklere ruhlandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe men hem hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, saýlap alan hünärim boýunça kämil bilim alyp, ilimize-günümize gerekli adam bolup ýetişmegi öz öňümde maksat edip goýýaryn. Talyplyk döwrümde institutda geçiriljek syýasy-jemgyýetçilik, medeni-köpçülik çärelerine hem işjeň gatnaşarys.

Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!

Nursähedow Nurberdi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 

ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address