Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp zamanasynda talyp boldum!

23.08.2024

113

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp zamanasynda talyp boldum!

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren bilim özgertmeleri ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmaga kuwwatly itergi berip, ýaşlar üçin çuň bilimlere ak ýol açdy. 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýaşlaryň müňlerçesi göwün söýen hünärine eýe bolmak arzuwy bilen, arzyly talyplyga ýetýärler.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda meniň hem arzuwlarym wysal tapyp, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby diýen buýsançly ada eýe boldum. 

Men dürli ýyllarda ýurdumyzda geçirilen sportuň guşakly göreş görnüşi boýunça döwlet derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp boldum. Ýagny, 2019-2021-nji ýyllarda geçirilen Türkmenistanyň çempionatlarynda üstünlikli çykyş etdim. Elbetde bu ýeňişleriň sakasynda biz ýaşlara döredilýän çäksiz mümkünçilikler durýar. Nesip bolsa, ýokary okuw mekdebimiziň abraýyny gorap, geçirilýän uniwersiadalarda hem üstünlikleri gazanjakdygyma ynanýaryn. Esasy maksat bolsa ulag ulgamyna zerur bolan kämil hünärmen bolup ýetişmek, ýaşlara bildirilýän ynamy ödemek.

Sanly ykdysadyýetiň köpugurlylygy ähli pudaklaryň, hususan-da, ulag toplumynyň işini özgertmegi göz öňünde tutýar. Bu pudak durmuş önümçilik düzüminiň esasyny düzýär hem-de ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Bu pudak ýükleriň agramly bölegini daşamaga mümkinçilik berip, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin şertleri döredýär, önüm öndürijileri we sarp edijileri bir bitewi ulag-logistiki ulgamyna baglanyşdyrýan esasy halka bolup durýar. Şonuň üçin ony sanly ulgama geçirmek hem-de umumydünýä ulag sanly giňişligine goşulmak möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň arzuwlarymyzyň hasyl bolmagy, maksatlarymyzyň myrat tapmagy ugrunda döredýän ägirt uly mümkinçilikleri üçin çäksiz sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin.

Esenmyradow Durdymyrat

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 

ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address