
News
128

-Ýaşlyk ýyllarynda, hususan-da, orta mekdebi tamamlan islendik ynsanyň öňünde goýýan baş maksady bellibir käriň eýesi bolmak, hünär öwrenmek bolsa gerek. Ony amala aşyrmak üçin köp yhlas etmeli, okamaly, öwrenmeli. Yhlasymyň ýerine gowşup abraýly ýokary okuw mekdepleriň biri bolan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby bolandygyma diýseň begenýärin. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdepde okaýan döwrümde sapaklaryma oňat ýetişmäge çalyşýardym. Dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdym. 2022-nji ýylda “Altyn asyryň -altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginde döwlet derejesinde Rus dili dersinden III orna mynasyp boldum. Munuň özi maňa okamagyň, öwrenmegiň hemişe gerekdigini, arzuwlaryň wysal tapmagy üçin maksada okgunly bolmalydygyny öwretdi. Şoňa görä-de saýlap alan hünärim boýunça bilimimi artdyryp, ata-watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýaşlaryň biri bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn.
Päkize Atakaýewa.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Animasiýa
we grafika dizaýny hünäriniň talyby.