Bilim ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri: Moskwada geçirilen Hökümetara toparyň 14-nji mejlisiniň jemleri
MOSKWA, 2026-njy ýylyň 23-nji noýabry.
Russiýanyň paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi üstünlikli tamamlandy. Iki döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan aýratyn, ileri tutulýan ähmiýet berilýän ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklar gün tertibiniň iň möhüm hem-de netijeli ugurlarynyň biri boldy.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini belledi. Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 57 müňden gowrak türkmen talybynyň bilim alýandygy, göni ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy — diňe 2026-njy ýylda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda täze ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň ençemesine gol çekildi. Mejlisde bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işlere hem aýratyn üns berildi.
Hökümetara toparyň 14-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary – stats-sekretary Andreý Korneýew bilen duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň bilim edarasynyň ýolbaşçysy mugallymçylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda berýän yzygiderli goldawy üçin Russiýanyň Magaryf ministrligine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Mugallymlary her ýyl Türkmenistana gelip, rus dili mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçirýän Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersiteti bilen alnyp barylýan köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Taraplar bu tejribäni mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Umumy bilim we zehinli ýaşlar bilen işlemek ulgamyndaky gatnaşyklar meselesini ösdürmek bilen, türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň has çuňňur görnüşine — mekdep okuwçylaryny taýýarlaýan öňdebaryjy olimpiada merkezleriniň binýadynda işleşmäge geçmegi teklip etdi. Hususan-da, işjeň söhbetdeşligiň barşynda 2027-nji ýyl üçin işläp taýýarlamak maksady bilen aşakdaky esasy başlangyçlar öňe sürüldi:
- Maksatlaýyn okuw-türgenleşikleri:dünýäniň iri halkara ders olimpiadalaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Russiýanyň zehinli çagalar bilen işlemek boýunça öňdebaryjy merkezleriniň — şol sanda «Sirius» bilim merkeziniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we sebitleriniň ýanyndaky ýöriteleşdirilen mekdepleriň binýadynda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň ýygyndy toparlary üçin (matematika, fizika, himiýa, biologiýa we informatika ugurlary boýunça) intensiw ugurdaş çalşyklary we tejribehana okuwlaryny guramak.
- Usulyýet tejribesini alyşmak we tälimçileriň tejribelik okuwlary: dünýä olimpiadalarynyň ýeňijilerini taýýarlamakda üstünlikli tejribesi bolan öňdebaryjy rus mugallymlarynyň ýanynda türkmen halypalary we milli ýygyndy toparlaryň tälimçileri üçin hünär tejribelik okuwlaryny geçirmek.
- Bilelikdäki uzak aralykdan (onlaýn) tapgyrlar: türkmen okuwçylaryna russiýaly deň-duşlary bilen netijeli intellektual bäsleşikleri geçirmäge mümkinçilik berjek yzygiderli onlaýn-türgenleşikleri we ikitaraplaýyn olimpiadalary guramak.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň zehinli ýaşlarynyň ykrar edilen rus olimpiada mekdebi bilen bilelikde işleşmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini we halkara giňişlikde has-da ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik döretjekdigini bellediler.
Geçirilen Hökümetara toparyň mejlisi we ikitaraplaýyn gepleşikler Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara ymtylýandyklaryny tassyklady.



















