Singapurda gazanylan üstünlik
Ýakynda Singapurda «StemCo Global Final (English) 2026» halkara bäsleşigi geçirildi. Singapur, Indoneziýa, Filippinler, Wýetnam, Täjigistan, Gazagystan, Özbegistan, Mongoliýa ýaly döwletleriň ýaş zehinleri bilen birlikde, bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary hem gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandylar.
Singapuryň menejment institutynda geçirilen halkara bäsleşikde ýurdumyza Aşgabat we Arkadag şäherleriniň mekdep okuwçylary hem-de mugallymlary wekilçilik etdiler. Gatnaşyjylar iňlis dili dersi we bu dilde sözleýiş sungaty boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Çagalaryň aýratyn ukyp-başarnyklary bäsleşikde goşmaça netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary saz gurallarynda dürli sazlary ýerine ýetirip, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular.
«StemCo Global» halkara bäsleşiginiň çäklerinde ýylyň bütin dowamynda himiýa, fizika, biologiýa we matematika ugurlary boýunça tapgyrlaýyn esasda ýaryşlar guralýar. Şu gezekki bäsleşigiň iňlis dili ugry boýunça saýlama tapgyrlary sanly ulgam arkaly geçirildi.
Halkara bäsleşigiň Singapur şäherinde geçirilen jemleýji tapgyrynda paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary aýratyn tapawutlandylar. Hususan-da, Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Medine Allaberenowa hem-de dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Şasoltan Şalyýewa iňlis dilinde sözleýiş medeniýeti boýunça geçirilen bäsleşikde altyn medallara mynasyp boldular.
Iňlis dili dersi boýunça geçirilen bäsleşikde paýtagtymyzdaky iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 135-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ylham Öwezow, 7-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Selbi Begmyradowa kümüş medallary gazandylar. Şeýle hem dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Şasoltan Şalyýewa, bu mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Suhanmyrat Gurbanmyradow bürünç medallara mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň bu abraýly halkara bäsleşikde 2 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medala eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller barada edýän yzygiderli aladalarynyň netijesidir.
(Ýörite habarçymyz).



















