
News
91

“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň tomus pasly meniň hakydamda ebedilik orun aldy. Men çagalygymdan kalbymda beslän iň uly arzuwyma ýetdim. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby boldum. Ykdysatçy hünärmen bolup eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, ykdysady ylymlaryň çuňluklaryna aralaşmak, halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda täze gözýetimlere ser salmak meniň esasy ýörelgämdir. Öňümde goýan maksadyma ýetmek üçin bolsa ähli mümkinçilikleriň, şertleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Çünki biz dünýäde diňe ösüşleri nazarlaýan iň asuda, parahat ýurduň ýaş raýatlarydyrys.
Ykdysadyýetiň esaslaryny diňe öz ene dilimde däl, eýsem halkara dilleriň biri bolan iňlis dilinde hem çuň özleşdirmek üçin mekdepde okan ýyullarym birnäçe ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, öz zehinimi görkezip, baýrakly orunlary eýeledim. Hususan-da, Hindistan Respublikasynda iňlis dili boýunça geçirilen “SOF” halkara olimpiadasynda altyn medalyň eýesi boldum.
Okamaga, öwrenmäge döredilýän ähli şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşymyzy beýan edýäris.
Kakalyýewa Täzegül
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby