
News
84

— «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Ýigit görki — hünär» diýen pähimleri döreden pederlerimiziň sargytlaryna eýerýän ýaşlarymyz bilen bir hatarda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma diýseň buýsanýaryn.
Men okuwçy wagtlarym S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň geçirýän bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşdym. Şu ýyl onuň informatika dersinden guran ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji boldum. Bu üstünliklerim maňa kalbymda beslän arzuwyma ýetmäge — talyp bolmagyma kömek etdi.
«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine informatika boýunça gatnaşyp, 2021-nji ýyldan bäri üstünlik gazanyp gelýärin. Geçen ýyl bu bäsleşigiň döwlet derejesinde ýeňiji boldum.
Diýarymyzda ýaşlaryň halkara bilim olimpiadalaryna gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Sanly bilim konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi internet arkaly geçirilýän halkara bäsleşikleriň we mekdep okuwçylarynyň arasyndaky internet ders olimpiadalarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ýaryşlarda, internet olimpiadalarynda ýüzlerçe medal gazandylar. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy guraldy. Men hem geljekde-de şeýle bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy maksat edinýärin.
Ýurdumyzda bilim-ylym ulgamynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelerden ruhlanýan bagtyýar talyplar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny dileg edýärler.
Döwletjan ŞATLYKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda)
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.