Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

TALYPLYK BUÝSANJY-KÖŇÜL BUÝSANJY

23.08.2024

123

TALYPLYK BUÝSANJY-KÖŇÜL BUÝSANJY

“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaşlaryň aýdyň geljegi üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bagtyýar ýaşlary uly üstünliklere, bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Men 2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Солнечный свет” atly internet ders bäsleşigine gatnaşyp, himiýa dersi boýunça I derejeli Diplom bilen sylaglandym. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen. Munuň özi halkymyzyň maddy we durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak barada edilýän aladalaryň, bagtyýar ýaşlar üçin döredilýän uly mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr. Bularyň hemmesi ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly güýç-kuwwat berýär.

“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda synaglardan bäsleşik esasynda üstünlikli geçip, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bagtyýar talyby bolmak bagty maňa miýesser etdi. Ýaşlykda eden arzuwlarym hasyl boldy. Men öz saýlap alan hünärimiň eýesi bolmak üçin ähli başarnygymy gaýgyrmaryn. Döwletimiziň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kämilligini gazanmak ugrundaky asylly işlere goşant goşmak üçin ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrynda zähmet çekerin. Biz — ýaşlara ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Annamyradowa Gülnur,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara

nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address