
News
246

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamdyr pudaklary bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýylyň-ýylyna okamaga, işlemäge ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, olarda täzeden-täze hünärleriň açylyp, müňlerçe hünärmenleriň taýýarlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip yglan edilen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna okuwa girmek bagty maňada miýesser etdi.
Men heniz mekdepde okaýan döwrümde hem çeper eserleri diýseň gowy görýärdim. Esasanam, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Älem içre at gezer” romany ençeme kitapsöýüjiler bilen birlikde, meniň hem söýgüli eserime, ýan kitapçama öwrüldi. Bu kitaby okap başlan ilkinji günümden Berdimuhamet mugallym, onuň ýaş nesilleri okatmak, sowat öwretmek baradaky usulyýeti, ýaş hünärmenlere berýän maslahatlary, belent adamkärçiligi, tutanýerliligi, zähmetsöýerligi, erjelligi... mende diýseň uly täsir galdyrdy. Şol täsiriň netijesi bolsa, meniň geljekde başlangyç synp mugallymy bolmak arzuwymyň döremegine getirdi. Arzuwlarymyň wysal bolmagy üçin Berdimuhamet mugallymdan täsirlenip, onuň pikirlerinden ylhamlanyp, öz üstümde işläp başladym.
Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen ýylyň-ýylyna geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiginde Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça şäher we welaýat tapgyrlarynda I orna, döwlet tapgyrynda bolsa III orna mynasyp boldum.
Ýurdumyzda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, sergilere işjeň gatnaşyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň “Hormat hatyna” mynasyp boldum.
“Yhlasa – myrat” diýlişi ýaly, maňa-da “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan 2024-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy” hünäriniň talyby bolmak bagty nesip etdi. Hawa, bu günki gün men Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly talyby.
Goý, geçmişimize jan, geljegimize şan beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Haýytjanowa Maral
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň “Başlangyç bilimiň
mugallymçylygy we psihologiýasy”
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.