
News
144

“Adam arzuwsyz bolmaz, guş – ganatsyz” diýişleri ýaly, meniň kiçilikden matematika sapagyna bolan höwesim örän uludy. Matematika, onuň içgin syrlaryny öwrenmek we bu ugurdan ýokary bilim almak iň uly arzuwymdy. Mekdepde okaýan döwrümde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Merdana nesil” bäsleşiklerine höwes bilen gatnaşdym. 6-njy synpdan 11-nji synpa çenli matematika dersinden geçirilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşiginiň, “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly taslama bäsleşiginiň, robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň, “Ýaş oýlap tapyjylar” döredijilik bäsleşikleriniň mekdep, şäher, welaýat we döwlet tapgyrlaryna yzygider gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum.
11-nji synpda okaýan döwrümde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda matematika dersinden geçirilen internet olimpiadasyna gatnaşyp, II orna mynasyp boldum.
2021-2022-nji okuw ýylynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda matematika dersi boýunça I orna we welaýat tapgyrlarynda II orna mynasyp boldum. 2023-2024-nji okuw ýylynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly taslama bäsleşiginiň, robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň şäher we welaýat tapgyrlaryna gatnaşyp I orna, döwlet tapgyryna gatnaşyp II orna mynasyp boldum. 2023-2024-nji okuw ýylynda FISO atly halkara ders basleşiginde altyn medala eýe boldum.
Şeýle-de men Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener – tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda Döwlet derejesinde matematika dersinden geçirilen bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp boldum.
Gazanan üstünliklerim meni Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby bolmak bagty nesip etdi. Meniň muňa guwanjymyň, buýsanjymyň çägi ýok. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmez.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Janmyradow Myrat
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
“Matematika we informatika” hünäriniň 1-nji ýyl talyby.