
News
143

Häzirki döwürde bütin dünýäde bolşy ýaly, Ata Watanymyz Türkmenistanda hem sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza mäkäm ornaşmagy bilen, kompýuter programmirleme we IT ulgamy ugurlary boýunça hünärlere we olardan baş çykarýan hünärmenlere bolan isleg barha artýar.
Ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumlary bu gün Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek işine uly üns berilýär. Şeýle hünärmenleriň kämil bolup ýetişmekleri üçin bu ugurda dürli görnüşli bäsleşikler, olimpiadalar yzygiderli geçirilýär. Soňky wagtlarda dürli ugurlar boýunça innowasion çözgütleri döretmegiň guraly hökmünde dünýäde giňden ýaýran hakaton bäsleşikleriniň geçirilip durulmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Bu adalga ilkinji gezek 1999-njy ýylda OpenBSD we Sun Microsystems kompaniýalarynyň esaslandyryjylary tarapyndan ulanyldy. «Hakaton» sözi iňlis sözünden gelip çykyp, «hacker – haker, marathon – marafon» manylaryny aňladyp, dürli ulgamdaky kompýuter programmistleriniň (dizaýnerler, programmistler, IT ulgamyň hünärmenleri) bäsleşigidir.
Hakaton – bu saýlanyp alnan ders ugrunda täze pikirleriň döremegine we durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdança. Hakatonyň ýörite formaty dürli kärlerdäki, dürli başarnykly adamlary bir topara jemläp, saýlap alnan ders ugrunda täze çözgütleri gözlemäge itergi berýär.
Bu bäsleşigiň aýratynlyklary we peýdaly taraplary barada söz açylanda, onuň çäginde hakatondaky toparlaryň ähli agzalary öz başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürip, pikirdeşlerini tapyp, dostlaşýarlar we köp zatlary öwrenýärler. Şonuň ýaly-da, bäsleşik oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da talyp ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek bilen, toparlaýyn işlemek, berlen wagty peýdaly ulanmak, dürli ýagdaýlaryň baş alyp çykmak endiklerini kemala getirýär.
Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-nji ýylyň dowamynda ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçiriljek hakaton bäsleşikleriniň meýilnamasyny tassyklady. Hakaton bäsleşikleri diňe bir talyp ýaşlar üçin däl, eýsem ukyp-başarnygyny synasy gelýän dürli ýaşdaky raýatlar üçin açykdyr. Sizi hakaton bäsleşiklerine gatnaşmaga çagyrýarys!
Geçiriljek hakaton bäsleşikleriniň meýilnamasy aşakda getirilýär:
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan bilelikde geçiriljek Hakaton bäsleşikleriniň
S A N A W Y
T/bÝokary okuw mekdebiniň adyHakatonyň adyHakatonyň ugry (temasy)Hakatonyň geçirilýän ýeriHakatonyň
geçirilýän wagty1Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyCyberQuestOperasion ulgamda gizlin howplary öz wagtynda anyklamak
we olaryň öňüni almak üçin üpjünçilikleri döretmekTürkmen döwlet binagärlik-
gurluşyk instituty2024-nji ýylyň
mart aýy2Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiSanly ösüşSanly okuw platformalaryny döretmekMagtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersiteti2024-nji ýylyň
aprel aýy3Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyCyberHackSanly gurşawda kriptografik usullary programmalaýyn
durmuşa geçirmekTürkmenistanyň Döwlet
energetika instituty2024-nji ýylyň
aprel aýy4Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutyArkadag şäherinde hereket edýän elektromobillere kuwwat beriji bekediň innowasion taslamasyUlag, maglumat-kommunikasiýa we binagärlikTürkmenistanyň Inžener-
tehniki we ulag
kommunikasiýalary instituty2024-nji ýylyň aprel aýy5Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutyWeb-dizaýnMagtymguly Pyragy portalynyň dizaýnyny işläp taýýarlamak«Sanly çözgüt-IT meýdança»
Hojalyk jemgyýeti2024-nji ýylyň
maý aýy6Türkmen döwlet maliýe
institutyMaglumat ulgamyny
kämilleşdirmekInnowasion tehnologiýalarTürkmen döwlet maliýe
instituty2024-nji ýylyň
maý aýy7Türkmen oba hojalyk institutyAgriTechOba hojalyk toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň
programma üpjünçiligini teklip etmekTürkmen oba hojalyk
instituty2024-nji ýylyň
iýun aýy8Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiTurkmen Cyber. HackOperasion ulgamda gizlin howplary öz wagtynda anyklamak we
olaryň öňüni almak üçin üpjünçilikleri döretmekÝagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti2024-nji ýylyň
oktýabr aýy9Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutyYkdysadyýetMaliýe we salgyt, makroykdysadyýet we mikroykdysadyýet hem-de ykdysady nazaryýetTürkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş instituty2024-nji ýylyň
oktýabr aýy10Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiEtut.developerTehniki ýumuş esasynda
platformany işläp düzmekTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti2024-nji ýylyň
noýabr aýy11S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiGeomaglumat ulgamlary we çözgütleriProgramma üpjünçiligini
teklip etmekS.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersiteti2024-nji ýylyň
noýabr aýy12Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyDili kämilleşdirmekTehniki ýumuş esasynda
platformany işläp düzmekDöwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty2024-nji ýylyň
noýabr aýy