Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmenistanyň ýaş matematikleriniň Halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri

22.08.2024

105

Türkmenistanyň ýaş matematikleriniň Halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplary hökmünde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dürli bäsleşikler geçirilýär, ýaşlaryň halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Şol döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp biziň ýaş matematiklerimiz hem matematika boýunça Halkara derejede geçirilýän ýaryşlarda ýeňiji bolup, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ynha, şu ýylyň 27-nji apreli – 2-nji maýy aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Warna şäherinde geçirilen 41-nji Balkan Matematika Olimpiadasy geçirildi. Bu Halkara Olimpiadada jemi 20 döwletden 126 sany okuwçy öz aralarynda bäsleşdiler. Biziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylary hem bu bäsleşige gatnaşyp, 4 sany bürünç medala mynasyp boldular.

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 25-31-nji maý aralygynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Muhammed Al-Horezmi adyndaky ýaşlaryň Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu Halkara derejedäki ýaryşa jemi 7 döwletden 100-e golaý mekdep okuwçylary gatnaşdy. Bu olimpiadada hem biziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylary 2 sany altyn, 2 sany kümüş we 2 sany bürünç medala mynasyp boldular.

Şu ýylyň 25-31-nji iýuny aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Ýaşlaryň 28-nji Balkan matematika olimpiadasyna gatnaşan ýurdumyzyň mekdep okuwçylary 4 sany kümüş we 1 sany bürünç medala mynasyp boldular. Bu Halkara olimpiada jemi 22 döwletden 126 okuwçy gatnaşdy. 

Mekdep okuwçylarynyň bu abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berýän hemişelik ünsüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda gazanylan nobatdaky netijeleridir.

Maňa hem bu Halkara derejedäki olimpiadalara ýurdumyzyň adyndan ýolbaşçy toparyň düzüminde gatnaşmak bagty miýesser etdi. Bu olimpiadalar örän çekeleşikli geçýär. Bu bolsa ýaryşa gatnaşýan okuwçylara has-da kämilleşmäge itergi berýär hem-de öz toplan bilimlerini öz aralarynda paýlaşmaga mümkinçilik döredýär. Galyberse-de, bize hem başga döwletleriň Ýolbaşçy toparlary bilen özara toplan tejribelerimizi paýlaşmaga mümkinçilik döreýär. Bu bolsa bizi örän buýsandyrýar,begendirýär. 

Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ýaşlar baradaky syýasatynda mugallymlaryň hem üstüne uly borç ýüklenýär.Biz mugallymlar hem ýaş nesliň ahlak taýdan arassa, kämil terbiýeli, ylymly-bilimli bolmagy üçin öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrmaly däldiris. Şoňa jogap edip, biz- bilim işgärleri ýaş nesliň Watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Halk üçin,Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Resul Myradow

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň

40-njy orta mekdebiniň müdiri


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address