Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Koreý dili boýunça açyk sapak geçirildi

19.03.2024

151

Koreý dili boýunça açyk sapak geçirildi

Düýn mart aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde Koreý dili we medeniýeti barada gyzyklanýan myhmanlaryň gatnaşmagynda Koreý dili boýunça açyk sapak geçirildi. 

Sapagyň dowamynda mugallymyň täze grammatika degişli prezentasiýasy diňlenilip, diňleýjiler hem sorag-jogap arkaly gatnaşdylar. Mundan başga-da, sapakda diňleýjiler Koreý medeniýetine degişli özleriniň taýýarlan aýdym-sazly oýunlaryny, Koreý dilinde goşgylary we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ähli gatnaşanlara höweslendiriji ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sapagy jemlemek bilen diňleýjiler we myhmanlar bilelikde ýadygärlik suratlara hem düşdiler.

Häzirki wagtda Innowasiýa maglumat merkezinde Koreý diliniň başlangyç derejesi boýunça okuw kursynyň ilkinji topary okuwlary tamamlap barýar. Toparyň diňleýjileri geçilen okuw kursy boýunça örän kanagatlanarlydyklaryny bellediler. Okuwlar Koreýa Respublikasyny ilçihanasy tarapyndan sowgat edilen daşary ýurtlylar üçin niýetlenilýän koreý dili kitaplary boýunça geçilýär. Bu kitaplar koreý dilini öwrenmek üçin aýratyn amatlylygy we ähmiýetliligi bilen tanalyp, olar Koreýa Respublikasynyň Milli Halkara Bilim Instituty tarapyndan neşir edilendir.

Bu ýerde diňleýjiler diňe bir Koreý dili däl, eýsem Koreý diliniň sapaklary bilen utgaşykly ýagdaýda, koreý medeniýetini we onuň aýratynlyklaryny hem özleşdirýärler. Sapaklardan daşary kursyň diňleýjileri üçin Koreý baýramçylyklary günlerinde dürli medeni çäreler: karaoke, Koreý film agşamlary we ş.m. gurnalýar.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address