Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler

16.03.2024

164

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Amannepesow ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryny hem-de ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 10-11-nji aprel aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Iňlis dili» dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 12-nji aprelde «Makroykdysadyýet» hem-de 16-njy maýda «Dünýä ykdysadyýeti» boýunça II Açyk halkara internet olimpiadalaryny, 26-njy aprelde «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirkizaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny; 15-nji aprel – 1-nji maýy aralygynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşigini; 6 – 11-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny; 11-nji maýynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy» dersi boýunça II halkara Açyk internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda 22 – 25-nji maýda Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme» atly halkara olimpiadany geçirmek hem-de bäsleşige geljek daşary ýurtly myhmanlary Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 4-5-nji iýunynda bolsa, Ylymlar güni mynasybetli Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Halkara çärelerini ýokary derejede geçirmekde toplanan tejribeden ugur alyp, agzalan olimpiadalara hem-de ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny guramaçylykly üpjün etmek meýilleşdirilýär. Ýeňijiler dürli derejeli medallar, diplomlar bilen sylaglanylar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, ylma we döredijilige höwesini artdyrmaga, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalarynyň hem-de ylmy-amaly maslahatlaryň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address