Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti mekdep okuwçylary üçin matematika we fizika boýunça olimpiadalary geçirer

12.03.2024

172

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti mekdep okuwçylary üçin matematika we fizika boýunça olimpiadalary geçirer

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň takyk dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika boýunça II internet olimpiadany geçirer.

Ýokary synp okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça bäsleşik 16-njy aprelde, fizika boýunça 17-nji aprelde geçiriler. Olimpiadalaryň ikisine ýokary synp okuwçylaryň hersinden üç okuwçydan gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen we rus dillerinde özbaşdak bäsleşikler görnüşde daş aralykdan geçiriler. Gatnaşýanlar üçin ýumuşlar şol dersler boýunça mekdep maksatnamasy göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Ýumuşlary çözmäge 180 minut wagt berler.

Olimpiadalarda çykyş etmek isleýänler 10-njy aprele çenli tm.tau.2022@gmail.com elektron salga okuwçylar hem-de olaryň ýolbaşçy mugallymlary barada maglumatlary ibermelidirler. Haýyşnamalary doldurmagyň nusgasy hem-de olimpiadalar barada giňişleýin maglumatlar S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň https://tohu.edu.tm/ saýtynda ýerleşdirildi. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99312-342680, +99365633644.

Ders bäsleşikleriň ýeňijileri guramaçy ýokary okuw mekdebiň I, II we III derejeli diplomlary hem-de medallary bilen sylaglanarlar.

Olimpiadalaryň geçirilmegi mekdep okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryny açmaga, has zehinlileri ýüze çykarmaga, dersler boýunça gatnaşýanlaryň bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem ähli taraplaýyn ösen ýaşlary terbiýelemäge, ýokary synp okuwçylaryň geljekki hünärlerini saýlamak üçin oňaýly şertleri döretmäge hem-de maglumat aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly ýurduň ýokary okuw we orta mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address