Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Internet torunda ikä bölünýän ekranly noutbuk peýda boldy

11.03.2024

102

Internet torunda ikä bölünýän ekranly noutbuk peýda boldy

Amatsyz şertde iki monitorda işleýänlere ýeňil iş mümkinçiligini döretmek üçin niýetlenen noutbuk, hakykatdan hem, kompýuteriň başyndaky iş şertlerini ýeňilleşdirer. Taýwanyň «Compal» tehnika enjamlaryny öndürijiler «DualFlip» ady bilen döwrebap noutbuk konseptini hödürlediler. Kompaniýa täze ideýasy üçin «iF Design Guide» baýragynyň eýesi boldy.

DualFlip 13,3 dýuýmlyk iki ekrana eýe bolup, olary noutbugyň işine päsgel bermezden, aýratyn ýerleşdirip bolýar. Mahlasy, ekrana sygmaýan resminamalar ýa-da programmalar bar bolan ýagdaýynda, olary ikinji ekrana geçirip, iş ýerini giňeltmek bolýar.

Şeýle-de, kompýuteriň ekranyny klawiaturadan aýryp, dikligine ýa-da keseligne hem ýerleşdirip bolýar. Ekranlar kompýuterda gurnalan saklaýjy esasynda durar. Bu çözgüt programmistlere we kontent döredijilere diýseň ýarar. Bu kompýuter surat çekilýän enjam hökmünde ekranlary stoluň üstünde goýmak üçin hem amatlydyr. Ekranlar duýgurlyga we ýörite enjamlar bilen işlemäge hem ukyply.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address