Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Innowasiýa maglumat merkezi welaýatlardaky ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin onlaýn maslahaty geçirdi

07.03.2024

159

Innowasiýa maglumat merkezi welaýatlardaky ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin onlaýn maslahaty geçirdi

Şu gün mart aýynyň 7-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde welaýatlarda ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň degişli hünärmenleri üçin bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga degişli bolan, “Project management”-e esaslanýan täze onlaýn ulgamynyň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi.

Maslahata welaýatlardaky ýokary we orta hünär bilim edaralaryň degişli hünärmenleri gatnaşyp, olara Innowasiýa maglumat merkeziniň ýolbaşçysy we hünärmenleri tarapyndan ulanylyşa girizilmegi meýilleşdirilýän “Project management”-e esaslanýan, onlaýn platformanyň işleýiş tertibi tanyşdyryldy we gatnaşýanlaryň täze onlaýn platforma baradaky teklipleri we bellikleri diňlenildi.

Mundan başga-da E-resminama dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi barada giňişleýin gürrüň edilip, ýokary okuw mekdepleriň degişli hünärmenleri tarapyndan degişli bolan ähli gyzyklandyrýan soraglaryna jogap berildi we olaryň bu barada teklipleri bellige alyndy. 

Maslahaty jemlemek bilen, Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri we bilim edaralaryň degişli hünärmenleri bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça dowamly işleşmek barada netijä geldiler. 

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address