Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Innowasiýa maglumat merkezi “Project management”-e  esaslanýan täze onlaýn ulgamyň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi

28.02.2024

102

Innowasiýa maglumat merkezi “Project management”-e  esaslanýan täze onlaýn ulgamyň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi

Häzirki wagtda hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanlylaşdyrma işlerine degişli işler ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi hem ýurdumyzyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we degişli hünärmenleri üçin bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga degişli bolan, öz hünärmenleri tarapyndan kämilleşdirilip düzülen “Project management”-e esaslanýan täze onlaýn ulgamynyň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi.

Maslahata paýtagtymyzyň 20 - den gowrak orta hünär bilim edaralaryň ýolbaşçylary we degişli hünärmenleri gatnaşyp, olara Innowasiýa maglumat merkeziniň ýolbaşçysy we hünärmenleri tarapyndan ulanylyşa girizilmegi meýilleşdirilýän “Project management”-e esaslanýan, onlaýn platformanyň işleýiş tertibi tanyşdyryldy we gatnaşýanlaryň täze onlaýn platforma baradaky teklipleri we bellikleri diňlenildi.

“Project management”-e esaslanýan, bu platforma dünýä standartlaryna laýyk gelip, onuň bilim ulgamyna işe girizilmegi bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga, bilim edaralaryň arasynda resminamalaryň dolanyşyk işlerini has hem kämilleşdirer we amatlaşdyrar. Onuň kömegi bilen işiň ýerine ýetirilişini aňsatlyk bilen yzarlamak, işiň netijesi barada hasabatlary ýygnamak, taslama işleriň ýerine ýetirilişini analitika we grafik arkaly gözegçilikde saklamak ýaly mümkinçilikler elýeterli bolýar.

Mundan başga-da E-resminama dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi barada giňişleýin gürrüň edilip, ýokary okuw mekdepleriň degişli hünärmenleri tarapyndan degişli bolan ähli gyzyklandyrýan soraglaryna jogap berildi we olaryň bu barada teklipleri bellige alyndy. 

Maslahaty jemlemek bilen, Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri, bilim edaralaryň ýolbaşçylary we degişli hünärmenleri bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça dowamly işleşmek barada netijä geldiler. 


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address