Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Innowasiýa maglumat merkezi “e-Mekdep” platformasynyň ulanyş tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de gözegçilikde saklamak üçin wagyz-nesihat çäresini geçirdi

27.02.2024

102

Innowasiýa maglumat merkezi “e-Mekdep” platformasynyň ulanyş tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de gözegçilikde saklamak üçin wagyz-nesihat çäresini geçirdi

Şu gün fewral aýynyň 26-na Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine degişli bolan Berkararlyk etrabyndaky 29-njy umumy bilim berýän orta mekdebinde boýunça jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan gurnalyp işe girizilen “e-Mekdep” platformasynyň ulanyş tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de gözegçilikde saklamak üçin wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda e-mekdep platformasynyň tanyşdyrylyş temasy boýunça platformadaky dolandyryş panelindäki mugallymlaryň okuwçylar üçin gündelik maglumat dolduryş tertibiniň ata-eneler üçin zerurdygyny şeýle hem, administrasiýa işgärleriň mugallymlary barlagdan geçirmeginiň zerurdygyny belläp geçmek bilen, bu işiň netijesinde ata-eneler öz çagalarynyň bilim analitikasy bilen tanyşyp, ýaş-nesliň geljekde haýsy ugra eýerip, wezipe saýlamagyna ýardam berýänini mälim edildi. Wideo rolik görnüşde ata-eneleriň e-mekdep ulgama, giriş we ulanyş tertibi görkezildi.

Wagyz-nesihat maslahatyny jemlemek bilen çykyş edenleriň hemmesi tarapyndan ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri we iň täze innowasion tehnologiýalary ulanyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address