Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

TÄZE OKUW ÝYLYNA ÝOKARY TAÝÝARLYK BILEN

22.08.2024

122

TÄZE OKUW ÝYLYNA ÝOKARY TAÝÝARLYK BILEN

Şu günler ýurdumyzyň ähli bilim işgärleri, mekdep okuwçylary hem-de eneatalar ýakynlap gelýän täze okuw ýylyny garşylamaga işjeň taýýarlyk görýärler. Umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçen awgust maslahatlarynda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň ileri tutulýan wezipeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

12 — 17-nji awgustda geçirilen etrap (şäher) usuly-amaly okuwlarynda, 19-njy awgustda etrap (şäher) maslahatlarynda hem-de 20-nji awgustda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş bilim müdirliklerinde guralan maslahatlarda bilim işgärleriniň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekdäki wezipeleri, geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler hem-de täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işler barada pikir alşylyp, olary durmuşa geçirmegiň netijeli çözgütleri beýan edildi. Maslahatlarda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, şeýle hem beýleki ugurdaş resminamalara laýyklykda, täze okuw ýylynda bilim edaralarynda öňde durýan wezipeler barada bellediler. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri we täze gözýetimleri, bilimiň sanly gurşawyny emele getirmek, innowasion bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli işler hakynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuw maksatnamalary, okuw kitaplary we gollanmalary kämilleşdirildi. Olaryň mazmunyna zerur bolan goşmaça maglumatlar girizildi. Täze kitaplar neşir edildi. Bu ugurda täze işlenip düzülen okuw maksatnamalarynyň bilim edaralaryna üstünlikli ornaşdyrylmagy we netijeli özleşdirilmegi bolsa döwrebap pedagogik çemeleşmelerden ugur alýan, degişli maglumat hem-de kommunikasiýa tehnologiýalaryna başarnykly erk edýän ýokary hünär taýýarlykly, kärine höwesli pedagoglara bagly bolup durýar.

Bulardan başga-da, maslahatlarda Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, işleri netijeli guramak babatda tejribeli, öňdebaryjy bilim işgärleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Olaryň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler giň gözýetimli, döwrebap pikirlenýän, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle-de bilim işgärleriniň has netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Awgust maslahatlarynda Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramagyň usullarydyr bu ugurdaky çäreler hem maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilim edaralarynda ýaş nesle terbiýe bermegiň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiziň çagalara sowgat beren noutbuk kompýuterleriniň sapaklarda netijeli peýdalanylmagy, başlangyç synplaryň okuwçylaryny okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary barada pikir alşyldy.

Maslahatlarda ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi, bu işde bilim işgärleriniň yhlasly zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri beýan edildi.

Begli ABDYKADYROW

"Türkmenistan"

22.08.2024ý. №212

Çeşmesi: Turkmenmetbugat

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address