
News
472

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşler gazanylýar. Şeýle beýik ösüşleriň gazanylýan döwründe bilim ulgamy hem barha kämilleşdirilýär. Şäheriň bilim edaralarynyň mugallymlary ýaş nesillerimiziň bilim-terbiýe almaklary üçin özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permanyndan we “Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda” Kararyndan ugur alyp hem-de öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek maksady bilen, Arkadag şäheriniň bilim edaralarynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynda birnäçe işler durmuşa geçirildi.
Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň 1 sany okuw-terbiýeçilik toplumynda, 4 sany umumybilim berýän orta mekdebinde 3821 okuwçy, 1 sany okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölüminde, 10 sany çagalar bakja bagynda 1618 çaga bilim-terbiýe alýar.
Şäheriň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylary Halkara internet bäsleşigine gatnaşyp 4 sany baýrakly birinji orna mynasyp boldular.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusynyň terbiýeçilik ähmiýetini okuwçylara giňişleýin düşündirmek maksady bilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda göreldeli synp sagatlary we çeper okaýyşlary geçirildi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň gatnaşmagynda D. Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy” atly çäre geçirildi.
Umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň, şahyryň perzentleriniň gatnaşmaklarynda türkmen halkynyň görnükli şahyry Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 84 ýyllygyna bagyşlanyp edebi agşam geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde umumybilim berýän mekdepleriň 1-4-nji synplarynyň okuwçy gyzlarynyň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz” atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýmelek Gylyçmyradowa I orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşi bilen bilelikde umumybilim berýän mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan edilen “Iň gowy gyzlar gurnagy” atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Arzygül Tyllaýewa, Bossantäç Girdenekowa, Hatyja Şahmyradowa, Suraý Seýidowa III orna we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden “Ýylyň zenany” atly bäsleşiginde iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy Enar Agaýewa “Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin ýylyň mährem zenany” diýen ada mynasyp boldy. “Ýylyň mugallymy” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň fizika mugallymy Rozyýewa Jeren III orna mynasyp boldy.
Ýaş nesilleri watançylyk, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen okuwçylaryň arasynda ýaşuly nesliň, ata-eneleriň, hukuk goraýjy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli guraldy. 16-njy martda Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek mynasybetli Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga bermeginde Arkadag şäherinde geçirilen bag ekmek çäresine bilim edaralarynyň işgärleri guramaçylykly gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny Arkadag şäheriniň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda wagyz etmek maksady bilen Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň, Arkadag şäher Prokuraturasynyň, Arkadag şäher Döwlet migrasiýa gullugynyň, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilen umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Magtymguly, öwüt bardyr sözümde” atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Myratgeldi Babaýew II orna, 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 11-nji synp okuwçysy Bahar Orazmyradowa we iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýgül Öwezowa höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.
2023-2024-nji okuw ýylynda umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda robot tehnika ugrundan Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Begmuhammet Hanmämmedow I orna, 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 11-nji synp okuwçysy Rahymylla Ýagşymyradow we 11-nji synp okuwçysy Hurmagözel Ýagşymyradowa takyk ugur boýunça III orna we “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň çäginde geçirilýän taslama (ylmy döredijilik işi) bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda tebigy ugurdan 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 11-nji synp okuwçylary Parowow Ysmaýyl, Babagulyýewa Ogulmaral höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.
Orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Begmuhammet Hanmämmedow matematikadan III orna, 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 11-nji synp okuwçysy Aýgözel Nurýagdyýewa matematikadan III orna we iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ogulçeper Jollaýewa himiýadan, 11-nji synp okuwçylary Sülgün Ýegräýewa fizikadan, Altynaý Öwezowa taryhdan, 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 11-nji synp okuwçysy Bibipatma Orazmyradowa taryhdan höweslendiriji baýraga mynasyp boldy. Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleriniň toplumyna bilim edaralarynyň işgärleri işjeň gatnaşdylar.
2024-nji ýylyň 25-30-njy marty aralygynda Arkadag şäheriniň 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda Arkadag şäheriniň 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynyň 11-nji synp okuwçysy Aýgözel Nurýagdyýewa III orna mynasyp boldy. “Bedew” baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen dabara bilim edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde bilim edaralarynyň we mugallymçylyk işgärleriniň arasynda geçiren dürli bäsleşikleriniň döwlet tapgyryna umumybilim berýän orta mekdepleriniň işgärleri uzagara onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Tebigatymyza aýawly garamak biziň mukaddes borjumyzdyr!” atly ekologik çäre geçirildi. S. Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilen “Okuwçylaryň ekologiýadan II internet olimpiadasynda” 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 11-nji synp okuwçysy Annanepesowa Jennet, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Öwezowa Altynaý I, II derejeli diplomlara mynasyp boldylar.
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ”Magtymguly Pyragy dünýä dillerinde” atly geçirilen bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 11-nji synp okuwçysy Garajaýewa Gulşat II orna mynasyp boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça geçirilýän bäsleşige umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen çärelere bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar. “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen mugallymlaryň, okuwçylar we olaryň ata-eneleriniň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda tertip-düzgün barada düşündiriş işleri geçirildi. Maý aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Biz-Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşigine umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary we çagalar bakja-bagynyň körpeleri guramaçylykly gatnaşdylar.
Döwlet umumybilim edaralarynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň “2023-2024-nji okuw ýylyny tamamlamak we synaglary geçirmek hakynda” 2024-nji ýylyň 1-nji aprelindäki 106 belgili buýrugyna laýyklykda umumybilim berýän orta mekdeplerde sepgit, synpdan-synpa, jemleýji döwlet synaglary guramaçylykly geçirildi. Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdeplerini tamamlan 90 sany uçuryma umumy orta bilim hakynda şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň gurnamagynda geçirilen “Ýaş innowatorlar” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda himiýa, ekologiýa ugrundan 10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Batyrow Pälwan, Ýagmyrow Myrat III orna mynasyp boldy. Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, “Gurban baýramy”, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri guramaçylykly gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky 221 belgili buýrugyna laýyklykda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary 2024-nji ýylyň 12-17-nji awgusty aralygynda guramaçylykly geçirildi.
«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasynyň» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilmegi boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda dürli çäreler geçirildi we şol çäreler körpeleriň hemme taraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine uly täsirleri ýetirdi. Bilim ministrliginiň iş meýilnamasyndan gelip çykýan bäsleşikler hem öz wagtynda talabalaýyk geçirildi, olar: «Körpe wäşiler», «Berekella, pälwanlar», «Güler ýüzli, jan ejem», «Ejeme sowgat», «Nowruz nagmalary», «Körpe bilgirjeler», «Dil bilen dünýäni gezer», «Körpe nesliň saglygy-ýurdumyzyň baýlygy», «Bereketli türkmen saçagy», «Körpe türgenler», «Ejem, kakam we men» atly bäsleşikler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy-ýurdumyzyň baýlygy», aşpezleriň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölüminiň şepagat uýasy Aýjemal Röwşenowa I orna we şol bölümiň aşpezi Gülçemen Dallaýewa II orna mynasyp boldy. 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölüminde, 2, 6, 20-nji çagalar bakja-baglarynda «Açyk gapylar» günleri dabaraly ýagdaýda geçirildi. 2024-nji ýylyň aprel aýynda «Sagdyn we şadyýan çagalar» ady bilen sport çäreleri geçirildi we körpeler bu ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklara bagyşlanyp çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmaklarynda dürli baýramçylyk säherlikleri geçirildi we «Arkadag» teleýaýlymy tarapynda ýazgy edildi.
Şäheriň bilim edaralaryny sanly ulgama birikdirilmegini, elektron resminama dolanşygynyň ýola goýulmagy hem-de sazlaşykly işledilmegini üpjün etmeklik boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şäheriň bilim edaralarynda sanitariýa-epidemiologiýa kadalarynyň, arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleriniň, çagalaryň jan saglygyny goramak meseleleri hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünleriň berjaý edilmegi berk gözegçilikde saklanylýar.
Şäheriň bilim işgärleri ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek, ylma ugrukdyrmak bilen bir hatarda, olaryň ýurdumyzyň beýik ösüşlerine goşant goşýan ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin pähimdar pederlerimiziň bu ugurdaky milli tejribelerine daýanyp, ähli bilim başarnyklary bilen arman-ýadaman zähmet çekerler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi barada bimöçber alada edýän, halkymyzy beýik maksatly işlere, eşretli günlere tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Arkadag şäheriniň
bilim müdirliginiň başlygy
Ýanwar Annaýew