
News
158

“Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz” diýlişi ýaly, çagalykdan talyp bolmagy arzuw ederdim. Entek, ýaňy bir okuwçy döwrümden başlap, talyp durmuşy bilen içgin gyzyklanardym. Gazetdir žurnallarda talyp durmuşy bilen baglanyşykly goşgy, hekaýa, makala çap edilen bolsa, hiç bir zady gözden salman gyzyklanyp okardym. Okuwdan boş wagtlarymy ylmy gözleglere sarp edip, taslama bäsleşiklerine öz ylmy işlerimi hödürlärdim. Bilimiň basgançaklaryndan ylma tarap ädimme-ädim ýöremek döredijilik başarnygymy has-da artdyryp, ylmy gözleglere bolan täze gadamlaryma badalga boldy.
Il arasynda “Yhlasa–myrat”, “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýlişi ýaly, islendik zada zähmet siňdirseň, hözirini görmek-de özüň bilen bolýar. Adamzadyň yhlas bilen ýapyşsa, almajak galasy ýokdur. Ylym bilen meşgullanmagym meni takyk ylymlary öwrenmäge has-da ruhlandyrdy. Kiçiligimden matematika dersini gyzyklanyp okamagym, bu ugurdaky ders bäsleşiklerine gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagyma mümkinçilik döretdi. 2023/2024-nji okuw ýylynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly döredijilik-taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyryna öz ylmy işimi hödürläp, bäsleşikde II orna mynasyp boldum. Bu gazanan netijäm meniň ýokary okuwa tabşyrmaga bolan höwesime has-da joşgun berdi. Hawa, çagalykdan takyk ylymlary gowy göremsoň, Türkmen döwlet maliýe institutyna okuwa tabşyrmagy ýüregime düwdüm. Okuw üçin ähli gerekli resminamalary taýýarlap, okuwa tabşyrdym. Hawa, men özüme ynanýardym. Netijede, synaglaryma gowy taýýarlanyp, oňat netije bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby bolmak bagty miýesser etdi. Şunuň ýaly eşretli döwrüň bagtyýarlygyndan ruhlanyp okaýandygyma men diýseň begenýärin. Munuň üçin bolsa Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarym çäksizdir. Goý, biz ýaşlary baky bagtyň goýnunda ýaşadýan, ylymdyr bilimiň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Nargül HOJAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby