Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

ÝAŞ NESILLER ÜÇIN DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER

21.08.2024

167

ÝAŞ NESILLER ÜÇIN DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER

Öňňin ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «KidsEkspo: ähli zatçagalarüçin»atly halkara sergi ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň «TürkmenEkspo» hususy kärhanasy bilen bilelikdäki guran giň gerimli gözden geçirilişinde çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamyn-da iş alyp barýan ýurdumyzyň işewür telekeçileri we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.

Bu ýerde aýdym sazyň owazy belentden ýaňlandy. Esasanda, bagtyýar çagalaryň şadyýan sesleri, ajaýyp aýdymlary köpleriň ünsüni özüne çekdi. Çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary halkara sergi-ýarmarkasyna baýramçylyk öwüşginini çaýdy. «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açy-lyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. 

Sergide ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynda beýan edip bolmajak şatlygy dö-retdi. Her dürli oýunjaklary, stoluň üstünde oýnalýan oýun görnüşli we pikirlenişi ösdürýän okuw gollan-maly diwarlyklaryň öňi köp adamly boldy. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdudyr. Şonuň üçin hem şeýle halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilmeginiň çuňňur manysybardyr. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň sagdyn ös-megi, olaryň kämil ynsanlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär.

Biz sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlaryny gazetimiziň okyjylarynyň dykgatyna hödürleýäris.

Tawus ATAGURBANOWA, Aşgabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler köşgüniň tebigaty öwreniş, enjamýet we çeper döredijilik bölüminiň müdiri:

—Şu günki «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna «Galkynyş» çeper okaýyş gurnagymyzyň, şeýle hem «Şatlyk», «Gyzyl güljagaz», «Akpamyk» tans toparlarymyzyň çagalary bilen gatnaşdyk. Bu baýramçylyk dabarasynda çagalarymyzyň dürli ugurlar boýunça çeper döredijilik işlerini görkezmekleri, şeýle hem çagalaryň açylyş dabarasynda toý bagyny kesmekleri bizi diýseň buýsandyr-dy. Mundan başga-da, tans toparlarymyz baýramçylyk dabarasynyň açylyşynda çykyş etdiler, bu halka-ra sergi-ýarmarkasyna öz goşantlaryny goşdular. Biz çagalaryň ähli arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ýur-dunda ýaşaýarys we zäh met çekýäris. Çagalar üçin şeýle uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Li-deri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris.

***

Sonýa NASYROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň skripka hünäri boýunça 5-nji synp okuwçysy:

—Meniň saz gurallarynyň 3-sini çalmakdan başym çykýar. Skripka, gitara hem-de fortepiano saz gural-laryny çalyp, ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda çykyş ed-ýärin. Geljekde iň ajaýyp sazlaryň ençemesini öwrenmegi we halkara dabaralara gatnaşmagy maksat edinýärin. Mundan başga-da, men sportuň buzda figuralaýyn typmak görnüşine hem höwes bilen gat-naşýaryn. Şu ugurda geçiriljek oýunlara gatnaşmaga taýýarlyk görýärin. Häzirki ajaýyp döwrümizde biz-—çagalar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan eziz Watanymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Goý, Gahryman Arkadagymzyň hem-de Arkadagly Gahry-man Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ogulgurban REJEPOWA,

“Mugallymlar gazeti”.

21.08.2024ý. №68

Çeşmesi: Turkmenmetbugat

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address