
News
422

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Bilim edaralarynyň işiniň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi netijesinde bu gün hemmetaraplaýyn ösen, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesli kemala gelýär. Watanymyza, il-günümize mynasyp, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmekde Ahal welaýatynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, welaýatymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň mugallymlary ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin özleriniň yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.
Adatça, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň, şeýle-de täze okuw ýylynyň bosagasynda ýurdumyzda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary we maslahatlary geçirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyndaky bu çärelere welaýatymyzda taýýarlykly gelindi. Bilim işgärleriniň etrap usuly-amaly okuwlary we maslahatlary guramaçylykly geçirildi. Änew şäherindäki medeniýet öýünde bolan welaýatymyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahaty hem hakyky toý ruhuna eýe boldy. Onda 2023-2024-nji okuw ýylynda ýerine ýetirilen işler seljerildi hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen okuw ýylynda Ahal welaýatynyň çäginde bilim edaralaryň 374-si, şol sanda umumybilim berýän mekdepleriň 240-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 133-si, şeýle-de welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket etdi. Okuw ýylynyň dowamynda mekdeplerde (şol sanda welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda) okuwçylaryň 225174-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň 25893-si bilim we terbiýe aldy. Şol döwürde orta mekdeplerde mugallymlaryň 11278-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýeçileriň 1677-si çagalara bilim we terbiýe berdi.
Hasabat döwründe bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleri talabalaýyk alnyp baryldy, guwandyryjy netijeler gazanyldy. Welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli bäsleşiklerde gazanan görkezijileri aýratyn bellärliklidir. 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň etrap we welaýat tapgyrlary üstünlikli geçdi, Olarda ýeňiji bolan okuwçy ýaşlarymyz döwlet derejesindäki tapgyrynda oňat netije görkezip, baýrakly orunlaryň 40-syna, höweslendiriji ýerleriň 13-sine mynasyp boldular. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçen taslama (döredijilik) bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň 7-si baýrakly orny, şol sanda biri ikinji, altysy üçünji orny eýeledi.
Ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry hem guramaçylykly geçdi. Welaýat bäsleşiginiň ýeňijileri onuň döwlet tapgyryna taýýarlykly baryp, onda Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň ikisi, Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň biri baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Geçen okuw ýylynyň dowamynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamasynyň çäklerinde okuw derslerinden geçirilen olimpiadalara işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlaryň 48-sini eýelediler,
Watanymyza wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary bilim almaga höweslendirmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda Mental arifmetika boýunça döwlet derejesinde geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň mekdep okuwçylary işjeň gatnaşyp, 8 ýaşly okuwçylaryň arasynda Gökdepe etrabyndaky ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Emir Berdimuhammedow I orna, 12 ýaşly okuwçylaryň arasynda Gökdepe etrabyndaky ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Aýnazar Aşyrow III orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasyna welaýatymyzyň Gökdepe etrabyndaky ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Baýramgül Esenmämmedowa we Selbi Geldiýewa işjeň gatnaşdy.
Welaýatymyzyň ýaşlarynyň döredijilik bäsleşiklerdäki üstünlikleri hem bellärliklidir. «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan edilen «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginde surat çekmek ugry boýunça Gökdepe etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Daýanç Annaýew 2-nji orna, Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Ysmaýyl Ataýew 3-nji orna, düzme ýazmak ugry boýunça Babadaýhan etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýnur Abaýewa höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek boýunça ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň döwlet tapgyryna welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň uly topary gatnaşdy hem-de olaryň birnäçesi baýrakly orna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň, şeýle-de “Iň eýjejik gyzjagaz” atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyrlary guramaçylykly geçirlmegi gazanyldy.
“Türkmenistan — ruhubelenligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Spartakiadanyň çäginde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikde, «Biz Oguz han nesli» atly şadyýan estafeta bäsleşiklerinde welaýatymyzyň mekdep okuwçylary baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Bulardan başga-da, Kaka etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Geldinazar Mämmedow Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda fransuz dili boýunça geçirilen olimpiadada birinji orny eýeledi.
Welaýat derejesinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda geçirilen “Körpe bilgirjeler” “Nowruz nagmalary”, “Körpe wäşiler”, “Berekella pälwanlar”, “Körpe türgenler” atly bäsleşikler ýatda galyjy we täsirli boldy. Watansöýüji, sagdyn ruhly, berk bedenli nesilleri kemala getirmekde agzalan bäsleşikler uly ähmiýete eýe boldy.
Geçen okuw ýylynyň dowamynda geçirilen usuly-amaly okuwlardyr maslahatlara, hünär kämilleşdiriş okuwlara, döredijilik we hünär bäsleşiklere welaýatymyzyň bilim işgärleri işjeňlikde gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimligi tarapyndan Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde geçen “Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyny bilimli-ylymly, sazlaşykly ösen, zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde peýdalanmagyň usullary”, “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda watansöýüjilik terbiýesi”, “Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny ornaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirmekde bilim işgärleriniň wezipeleri”, “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikligini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir” atly ylmy-usuly maslahatlaryň örän täsirli bolandygyny aýratyn bellemek gerek.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Mekdebe çenli okuwyň we taýýarlygyň hiline gözegçilik etmek boýunça” atly okuw maslahatyna hem welaýatymyzyň bilim işgärleri ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Hasabat döwründe Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň 1232-si, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda 114-sy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 210-sy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 119-sy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 30-sy hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda welaýatyň Bäherden, Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka, Sarahs etraplarynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler barada usuly-amaly maslahatlar geçirildi.
Welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň hem-de aşpezleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen “Körpe nesliň saglygy —ýurdumyzyň baýlygy”, “Bereketli türkmen saçagy” atly bäsleşikler hem netijeli häsiýete eýe boldy.
Geçen okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen “Soňky jaň” dabaralary, synpdan synpa geçiş we gutardyş synaglary üstünlikli geçirildi. Welaýat boýunça mekdep uçurymlarynyň 11054-syna orta bilim hakyndaky şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Welaýatymyzda täze 2024-2025-nji okuw ýylyna hem ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýeňil bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi. Birinji synpa kabul ediljek 6 ýaşly çagalar hasaba alyndy, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine tamamlap gelen ýaş hünärmenler täze iş orunlary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda, welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde gurulýan 1200 orunlyk orta mekdebiniň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde gurulýan 640 orunlyk mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bakja-bagynyň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşligindäki 640 orunlyk orta mekdebiniň we 320 orunlyk çagalar bakja-bagynyň gurluşygy hem-de enjamlaşdyrylyşy berk gözegçilikde saklanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, özgertmek barada öňde goýan wezipelerini, şeýle-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny hem-de bilim-terbiýeçilik edaralarynda sanly ulgama geçmek meselelerini durmuşa geçirmekde welaýatymyzyň bilim işgärleri bolup, mundan beýläk-de saldamly goşandyny goşarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi barada bimöçber alada edýän, halkymyzy beýik maksatly işlere, eşretli günlere tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Batyr ÇARLYÝEW,
Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy.