Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

ÝAŞLAR HYZMATDAŞLYGY: röwşen geljege ynamly ädimler

20.08.2024

206

ÝAŞLAR HYZMATDAŞLYGY: röwşen geljege ynamly ädimler

Ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň başarnygyny ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu möhüm resminamanyň çäklerinde ylym-bilim, sport, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlary boýunça ýurdumyzda ýaşlar maslahatlary, iri göwrümli forumlar, döredijilik festiwallarydyr olimpiadalar yzygiderli guralýar. Halkara derejedäki bu çäreler ýaşlar hyzmatdaşlygynyň dünýä bileleşiginiň durnukly, durmuş-ykdysady hemde ylmy-tehniki ösüşini üpjün etmegiň, şol sanda döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyna güwä geçýär.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty babatda ygtyýarly edara diýlip kesgitlendi we bu işler has-da kämilleşdirildi. Ministrligiň gurluş birliginde ýaşlar syýasaty bölüminiň işi ýola goýuldy. Häzirki wagtda ulgamda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryna, wezipelerine, ýörelgeleridir esasy ugurlaryna laýyklykda netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üpjün edilýär. Olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri kemala getirilýär, watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler terbiýelenýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy boýunça gazanylan ylalaşyklaryň 4-si, ýagny Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakyndaky, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky, Merkezi Aziýa ýaşlarynyň dialogyny döretmek baradaky Ähtnamalar aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024 — 2026-njy ýyllarda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hakynda hereketleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Onda kesgitlenen wezipeler boýunça halkara guramalar hemde olaryň düzüm birlikleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzda iri halkara çäreler geçirilýär. Olardan 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde guralan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy, şol ýylyň 30-njy oktýabrynda «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly ýaşlaryň halkara maslahaty, 16 — 18-nji noýabrda Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy has ähmiýetli boldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlardaky deň-duşlary bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeň­leşdirmek hem-de berkitmek, olary dünýäde häzirki zaman ýaşlar hereketini ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan iri forumlara, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriň maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çärelere gatnaşdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýaşlar syýasaty babatda hereket edýän halkara şertnamalaryň çäginde türkmen ýaşlarynyň wekiliýeti şu ýylyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynda, Özbegistan Respublikasynda, şeýle-de Gyrgyz Respublikasynda iş saparlarynda bolup, iri halkara çärelere gatnaşdylar. Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 16 — 19-njy awgusty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň guramagynda Baýkal kölüniň kenarynda VIII Baýkal ýaşlar forumy guraldy. Çäräniň maksady halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etjek halkara ýaşlar toparlaryny döretmekden ybaratdyr. Forumyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasynda «Meýletinçilik hereketiniň ýyly» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda geçirilmegi bu ugurdaky gatnaşyklary gi­ňeltmekde amatly gurşawy döretdi. Oňa BRIKS we GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasaty boýunça hünärmenleri, ýaşlar hereketleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Forumyň çäginde ýaşlaryň watançylyk terbiýesi, meýletinçilik, ýaşlar mediasy boýunça okuw sapaklarydyr «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler guraldy. Medeni-sport çärelerine giň orun berildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti 12 — 16-njy awgust aralygynda Gyrgyzystanyň Çuý sebitinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Halkara meýletinçilik mekdebine hem gatnaşdy. Onda ýurdumyz bilen birlikde, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan we Özbegistandan 100-e golaý ýaş meýletinçi hem işjeň­lik görkezdi. Okuw maslahatynyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmek we meýletinçilikde öň­debaryjy tejribeleri paýlaşmak boýunça çäreler geçirildi. Olarda garalan meseleler meýletinçilik guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, durmuş-ykdysady, daşky gurşawy goramak işlerini alyp barmakda meýletinçiligiň ähmiýetine ünsi çekmek, işjeň raýat jemgyýetini döretmek we ýaşlary meýletin çärelere çekmek üçin şertleri döretmek bilen baglanyşykly boldy.

Kaýum AMANMYRADOW,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

ýaşlar syýasaty bölüminiň baş hünärmeni.

20.08.2024ý. №210

Çeşmesi: Türkmenmetbugat


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address