
News
90

2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli Maslahatyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan möhüm duşuşyk geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýaşlar maslahatlarynyň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Meýilnamada Daşoguz, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynda we Aşgabatda degişli ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tanyşdyryldy. Şeýle hem, ýaş nesilleriň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe we daşky gurşawyň durnuklylygyna ýetirýän täsirleri barada giňden maglumat bermek, şeýle hem bu meseleler boýunça öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar, Mähriban Arkadagymyzyň, Sarpasy Belent Prezidentimiziň alyp barýan we amala aşyrýan ägirt uly işleriniň ildeşlerimiziň ählisi üçin watançylygyň, öz halkyna çäksiz söýginiň hem-de wepalylygyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigini bellediler, şeýle hem ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsunlar aýtdylar.
Geçirilen maslahat, ýaşlaryň howanyň üýtgemegi boýunça geçiriljek milli maslahatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, bu çäräniň ýaşlarymyzyň daşky gurşaw meselelerine has işjeň gatnaşmagyna we bu ugurda täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirýär