
News
183

Şu günler paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenista nyň Halk Masla hatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz 12nji iýulda geçirilen Ministrler Kabi ne tiniň giňişleýin mejlisinde anyk tabşyryklary berdi. Nobatdaky mö hüm ähmiýetli çäre şanly Garaşsyz ly gymy zyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyra synda — 24nji sent ýabrda geçiriler.
Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet bilen jemgyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygyň, jem gyýe tiň je bisliginiň berk köprüsine öwrüldi. Hal kyň wekilçiliginiň, isleg arzuwlarynyň, watançylyk başlangyçlarynyň ýüze çykýan ýeri hökmünde uly abraýa we ynama eýe boldy. Foruma dürli pudaklaryň wekilleriniň, ak sakally gojalaryň, eneleriň, ýaşlaryň hem gat naşma gynda aýratyn many bar. Çünki il ýurt bähbitli mese le leri halk bilen maslahatlaşyp çözmek hemde mil li demokratik däplere eýermek halkymy zyň gadymdan gelýän ýol ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň ma nysynyň dowamaty» atly kitabynda bel leý şi ýa ly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ynamdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrma gyň bir ugrudyr.
Şeý le asylly ýol ýörelgeler bolsa halkymyzyň ag zybirliginden nyşandyr. «Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir» diýlişi ýaly, bu günki günde agzybir türkmen hal ky islen dik bir döwletli işi etjek bolsa il ulsy üýşü rip ýörite mas lahat salýar. Uly kiçiniň pikirini diňleýär. Muňa biz ýurt berkararlygy, halkyň abadan ýaşaýşy ugrun da amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli, asylly, döwletli çözgütleriň mysalyndada aýdyň göz ýetirýä ris. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörel ge si» atly kitabynda: «Bir supranyň başyna jem bolan il halkymyzyň geljege umydy agzy birligimiz de dir. Agzy birlik adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni» diýen ajaýyp sözler bar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty 2023nji ýylyň ýanwarynda döredilip, ol halkyň bähbitlerine wekil çilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Onuň işiniň ýörelgeleri bolsa, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty» hakyndaky Konstitusion Kanunyň 5nji maddasyn da görkezilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygty ýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gösgöni ýa da wekilçilikli eda ralaryň üsti bilen amala aşyrýar.
Nobatdaky geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine häzirden taýýarlyk işleri başlanyp, «Berkarar döw letiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenis tanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Mak satnamasyna» laýyklykda Diýarymyzyň ähli babatda ösüşlerini has da pugtalandyrmak babatda raýatla rymyzyň, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň we killeriniň oý pikirleri, teklipleri öwrenilýär. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ol teklipler ara alnyp masla hatlaşylyp, asylly, döwletli çözgütler kabul ediler. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak bu forum möhüm ähmiýete eýe bolup, Diýarymyzyň ähli babatdaky kuwwatyny, halkara derejesindä ki abra ýyny pugtalandyrmakda durmuşa geçiriljek tutumly işlere badalga bolar.
Bize ajaýyp durmuşda ýaşamaga mümkinçi lik döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il ýurt, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk de rowaçlyklara beslensin!
Hojamyrat IŞANKULYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalaruniwersitetiniň
ylym bölüminiň başlygy.
"Watan"
17.08.2024ý. №66
Çeşmesi: Türkmenmetbugat