
News
201

Şu günler täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döredilen mekdep bazarlary ýokary hilli okuw esbaplaryny we harytlaryny ilata hödürleýär. Her gün ir ertirden agşama çenli olaryň söwdasy barha gyzyşýar. Şeýle söwda nokatlarynyň birnäçesi Arkadag şäherinde-de hereket edýär. Olar täze, «akylly» şähere özboluşly görk berip, ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.
Arkadag şäheriniň söwda nokatlarynda guralan mekdep bazarlary şu günler iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Mekdep okuwçylaryna hödürlenilýän okuw esbaplarydyr beýleki harytlar köpdürlüligi, ýokary hilliligi we elýeterliligi bilen tapawutlanýar. «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgyly ýokary hilli önümler, taryhy şahsyýetlerimiziň, ýurdumyzyň gözel künjekleriniň suratlary bilen bezelen, degişli dersler boýunça maglumatlar ýerleşdirilen depderlerdir gündelikler ýaşlaryň watansöýüjiligini, okamaga, ylym-bilim öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar.
Harytlaryň bolçulygy we köp görnüşliligi Arkadag şäheriniň Söwda toplumynda döredilen mekdep bazarlaryna-da mahsus aýratynlykdyr. Munuň özi alyjylara gerekli harydyny saýlap almak mümkinçiligini döredýär. Olara elýeter bahalardan hödürlenilýän önümleriň bezeg aýratynlyklary hem bada-bat ünsüňi çekýär. Milli äheňde bezelen, ýurdumyzyň gözel künjeklerini, taryhy ýadygärliklerimizi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygaryny şöhlelendirýän önümlere alyjylaryň gyzyklanmalary barha artýar.
Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlaryň uly isleg bildirýän harytlarynyň biride okuw we sport egin-eşikleridir. Olary milli röwüşde bezemekde türkmen telekeçileri uly tejribe topladylar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Ahal» tikinçilik birleşiginiň oglanlar üçin niýetlenen penjekleri, «Bahar» tikin önümçilik birleşiginiň okuwçy gyzlara niýetlenen köýnekleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň inçe süýümli pagtadan taýýarlanylan ak köýnekleri alyjylaryň uly isleg bildirýän harytlaryndandyr.
Mekdep bazarlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri bolan dürli görnüşli, owadan bezegli depderlerdir gündelikler, «Ylym» neşirýatynyň öndüren kartalary, umumy depderleri we beýleki çaphana önümleri hem haryt tekjelerini bezeýär. Gündeliklerde mekdep okuwçylary üçin zerur bolan maglumatlar, käbir depderleriň daşky sahaplaryndaky suratlarda ýol hereketiniň düzgünleri-de görkezilen.
Her ýylda bolşy ýaly, mekdep bazarlary sentýabr aýynyň başyna çenli işlemegini dowam eder. Bu ýere öz perzentleri bilen gelýän ata-eneler hem-de tomusky dynç alyş döwrüni gyzykly geçirip, indi täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän bagtyýar çagalar, şeýle-de ýene sanaýmalyja günlerden ilkinji gezek ak mekdebe gadam basyp, 1-nji synpa okuwa barjak körpeler bilen gürrüňdeş bolanyňda, olar söwda nokatlaryndaky harytlaryň ýokary hilliliginden we bahasynyň elýeterliginden, ýurdumyzda ýaş nesil üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden örän hoşaldyklaryny aýdyp, Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan edýärler.
Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
“Türkmenistan”
16.08.2024ý. №207
Çeşmesi: Türkmenmetbugat