
News
305

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri giňden durmuşa geçirilýär. 2023-2024-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, ýurdumyzyň pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlary 2024-nji ýylyň 12-17-nji awgusty aralygynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen şygar bilen geçirilýär.
Döwrebap bilimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, watansöýüji, terbiýeli ýaş nesli kemala getirmegi maksat edinýän usuly-amaly okuwlar Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem ýokary guramaçylyk bilen başlandy. Ýylyň adyny şygar edinen bu usuly-amaly okuwyň başlangyjy Türkmenabat şäheriniň bilim işgärleriniň, LWBBM-niň okuw işleri boýunça bölüm müdiri K.Maşaripowyň, Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň işgärleriň hünärlerini kämilleşdiriş bölüminiň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Durdyýew Sapargeldi Kakyşowiçiň, Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň zähmet we hünär okuwy bölüminiň esasy ylmy işgäri Agamyrat Hommadowiç Täşliýewiň, hünär ugurly dersler boýunça bilim işgärleriniň gatnaşmagynda guraldy.
Baý many-mazmuna ýugrulan usuly-amaly okuwda ilki bilen Türkmenabat şäheriniň öňdebaryjy bilim işgärleri N.Rejepowa, S.Garryýewa dagy täze okuw ýylynyň gelmegi bilen maslahata gatnaşyjylary gyzgyn gutladylar we olara täze okuw ýylynda täze-täze üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
Maslahatyň barşynda Milli Bilim institutynyň işgäri S.Kakyşowiç çykyş etdi. Onuň çykyşy 2024-nji ýylyň maý aýynyň 25-inde tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” barada boldy. Ol ilki bilen Konsepsiýanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegi, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi, bu ugurda innowasion usullary okuw işine ornaşdyrmagy , mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini belläp geçdi. Şeýle hem ol çykyşynyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda , orta mekdeplerde usuly işleriň guralyşy, halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ýola goýluşy barada usuly maslahatlar berdi. Ol bu babatda berýän usuly maslahatlaryny gündogaryň beýik danasy , akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň we onuň halypasy – öz mähriban kyblasy Döwletmmämmet Azady bilen bolan halypa-şägirt gatnaşyklary baradaky maglumatlar bilen baglanyşdyrdy. Şägirdiň halypadan ozdurmasa, käriň ýitýändigi barada gyzykly gürrüňler berdi. Bu gürrüňler maslahata gatnaşyjylarda örän täsir galdyrdy.
Maslahatyň barşynda hünär ugurly dersler boýunça A.Täşliýewiň çykyşy diňlenildi. Halypa bilim işgäriniň çykyşy hünär ugurly dersleriň okadylşy barada boldy. Ol hem birnäçe usuly maslahatlar berdi. Sözüniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylary täze okuw ýyly bilen gyzgyn gutlady we olara jan saglyk arzuw etdi.
Soňra Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň okuw işler boýunça bölüm müdiri K.Maşaripow Konsepsiýanyň esasy wezipeleri we umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary barada aýtdy. Ol:
“Konsepsiýanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda , 2028-nji ýyla çenli döwrüň dowamynda umumybilim maksatnamalary boýunça bilimiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmelidir. Mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça çagalaryň umumy hereketiniň , duýgularynyň, durmuş-emosional, ownuk hereketleriniň , medeni we arassaçylyk endikleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen, terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak , ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramalydyr “ diýip, maslahata gatnaşyjylara ýüzlendi. Soňra K.Maşaripow Konsepsiýanyň her bir baby dogrusynda durup geçdi:
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: “Ösüp gelýän ýaş nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek Milli bilim ulgamynyň wajyp meselesi bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we Halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmek, pedagogik işgärleriniň hünär ussatlyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilmelidir. Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny akyl we fiziki endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin, mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleglerinde bolmalydyr” diýen tabşyryklary umumybilim edaralarynda ýaşlaryň okuw derslerini çuňňur özleşdirmeklerini üpjün edýän okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça sazlaşykly ulgamyň döredilmegini talap edýär. Şu kabul edilen Konsepsiýa Türkmenistanyň umumybilim Maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirkizaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň Milli we dünýä tejribesine Halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet resminamasydyr.
Girişde Konsepsiýanyň esasy beýan edilen, resminamanyň 2-nji babynda ýurdumyzda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetiniň häzirki ýagdaýy doly seljerilipdir.
Konsepsiýanyň 3-nji babynda onyň esasy maksady we wezipeleri kesgitlenipdir. Bu döwlet resminamasynyň 4-nji babynda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary görkezilipdir. Konsepsiýanyň 5-nji babynda umumybilim maksatnamalary boýunça pedagogik işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary öz beýanyny doly tapypdyr. Bu wajyp resminamanyň 6-njy babynda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy ugurlary görkezilipdir. 7-nji babynda Konsepsiýany amala aşyrmagyň maliýeleşdirmegi we 8-nji babynda Konsepsiýany amala aşyrmakdan garaşylýan netijeleri öz içine alýar. Bu Konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine deňleşmegini üpjün eder.
Maslahatyň barşynda okuw-terbiýeçilik işinde ýüze çykýan derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.2024-2025-nji okuw ýylyna guramaçylykly başlamak, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen geçiriljek ilkinji okuw sapagyna taýýarlyk işlerini geçirmelidigi barada gyzykly gürrüňler edildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji gününden bäri baş aladasy ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekdir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde mekdep okuwçylaryna dünýäniň ösen döwletleriniňkä laýyk gelýän bilim , milli ruhda terbiýe bermek meselesini üstünlikli çözmek we bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek mekdep mugallymlarynyň öňünde duran döwrebap wezipedir. Şu wezipäni abraý bilen berjaý etmegiň hötdesinden gelmek üçin biz –mugallymlar gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, gijämizi gündiz edip zähmet çekmäge borçludyrys.
Hormatly Prezidentimiziň ähli aladasyny halkyna gönükdirmegi, şol sanda ýurdumyzyň bilim işgärleri barada edýän bimöçber goldawlarydyr döredýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.
Türkmenabat şäheriniň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen
28-nji orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary
N.O.Rejepowa.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.