
News
122

12 — 14-nji awgustda Gazagystanyň Almaty şäherinde «Bilimde emeli aňy ulanmagyň etikasy» atly ÝUNESKO-nyň üçünji halkara modeli geçirildi. Onda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Abdyleziz Saryýewiň işi «Iň gowy pikir we çemeleşme» ugry boýunça ýeňiji boldy.
Dünýäniň 52 ýurdundan gatnaşyjy talyp ýaşlary bir ýere jemlän çäre iki sessiýadan ybarat bolup, olarda strategik teklipler tanyşdyryldy, sowallaryň we jogaplaryň sessiýalary, rezolýusiýalara ses bermek, şeýle hem ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň bilermenleri bilen onlaýn sapaklar geçirildi.
Çäräniň jemleýji sessiýasynda “Iň gowy pikir we çemeleşme”, “Iň gowy nutukçy” hem-de “Iň gowy tanyşdyryş” ugurlary boýunça işlenip düzülen rezolýusiýalar tanyşdyryldy. Gatnaşyjylar öz ýurtlarynda emeli aň tehnologiýalary pudagynda alnyp barylýan işler barada çykyş edip, bu ugurda geljekde durmuşa geçirip boljak özgertmeler bilen bagly başlangyçlaryny hödürlediler. Berlen sesleriň esasynda, Müsürden hem-de Gonkongdan gatnaşan talyplar bilen birlikde, ildeşimiz Abdyleziz Saryýewiň hödürlän işi hem degişli ugur boýunça ýeňiji hökmünde saýlanylyp, guramanyň Diplomyna we baýraga mynasyp boldy.
Ýeri gelende bellesek, ÝUNESKO-nyň üçünji halkara modeli bu gurama agza ýurtlardan gatnaşyjy ýaş wekiller üçin guralýan bilim çäresidir. Onuň dowamynda gatnaşyjylar guramanyň işi we geljekki maksatlary bilen tanyşýarlar, dürli ugurlarda ýüze çykýan halkara meseleler hem-de olaryň çözgütleri baradaky bilimlerini kämilleşdirýärler.
Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň müdiri.
“Türkmenistan”
15.08.2024ý. №206
Çeşmesi: Türkmenmetbugat