Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmen-eýran özara gatnaşyklary işjeňleşýär

10.12.2024

67

Türkmen-eýran özara gatnaşyklary işjeňleşýär

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika Ministri Abbas Aliabadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary döwlet derejesindäki ynanyşykly gatnaşyklaryň konstruktiw türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy faktory bolup durýandygy bellendi.

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy baý tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, geografiki taýdan amatly ýerleşen. Munuň özi daşary ykdysady ugurda, şol sanda elektroenergetika, nebitgaz, ulag-üstaşyr pudaklarynda özara gatnaşyklar üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Taraplar energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine garadylar.

Şunuň bilen baglylykda, serişde we ykdysady mümkinçilikleri amatly durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy bellendi. Anyk netijeleri nazarlaýan türkmen-eýran özara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam bermäge gönükdirilen Bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly