Halkara serginiň çäklerinde bilim ulgamynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe duşuşyk geçirdi
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Gruziýadan we Beýik Britaniýadan gelen hyzmatdaşlar bilen bäş duşuşyk geçirdi. Duşuşyklaryň ählisi öň gazanylan ylalaşyklaryň dowamy boldy we olary amaly işlere öwürmäge gönükdirildi.
Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministriniň orunbasary Zwiad Gabisonia we Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantine Sabiaşwili bilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet saparynyň we bilim ulgamynda bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny noýabr aýynda tassyklamagy, Şota Rustaweli adyndaky Milli ylmy gaznanyň we Horizon Europe ofisiniň türkmen alymlary üçin webinaryny geçirmegi we hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň jübütlerini kesgitlemegi ylalaşdylar. Gruzin tarapy Iş toparynyň indiki mejlisini Tbilisi şäherinde geçirmäge çagyrdy.
Britan Geňeşiniň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyga Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdy. Taraplar Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumyndan soň gazanylan netijeleri bellediler, AELLCA maksatnamasynyň üçünji tapgyryny, iňlis dili mugallymlarynyň hünärini kämilleşdirmegi, IELTS synaglaryny Aşgabatda geçirmegiň mümkinçiliklerini, ýokary bilimiň hilini üpjün etmegi we Britaniýa bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň bitewi platformasyny döretmek pikirini ara alyp maslahatlaşdylar.
Cambridge University Press & Assessment guramasynyň wekilleri bilen duşuşykda türkmen mugallymlarynyň Cambridge kwalifikasiýalaryny almagy we iňlis dilini bilşi bahalandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Westminster uniwersitetiniň prorektory, professor Endrýu Linn bilen duşuşykda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen baglaşylan ähtnamanyň bir ýyllygy bellenildi hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, bilelikdäki doktorantura we ylmy barlaglar maslahatlaşyldy. “Hamilton House Publishers” kompaniýasy bilen çagalara iňlis dili öwretmek boýunça interaktiw okuw serişdeleri dil merkezlerine hödürlemek hem-de synag taslamasy geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklar Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ony anyk netijeler bilen baýlaşdyrmaga bolan özara gyzyklanmany tassyklady.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi



















