tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygyň kepilidir

10.12.2024

259

Türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygyň kepilidir

Ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň bilelikde gurnamagynda institutyň mejlisler zalynda “Türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygyň kepilidir, ylmy-innowasion ösüşiň özenidir” atly aýdym-sazly medeni çäre hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy-taslama işleriniň sergisi geçirildi. Bu dabaraly çärä institutyň hünärmenleri, professor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň wekilleri gatnaşyp, baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan sergä syn etdiler.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagyna, ylym, bilim, önümçilik arabaglanyşygyň hem-de binagärlik sungatynyň  kämilleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde aýratyn tapawutlanan professor-mugallymlara we talyp ýaşlara baýramçylyk mynasybetli Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.  

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz