Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

2025-nji ýylda ýurdumyzda köpsanly binalar we desgalar açylyp ulanylmaga berler

11.01.2025

153

2025-nji ýylda ýurdumyzda köpsanly binalar we desgalar açylyp ulanylmaga berler

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga beriljek binalaryňdyr desgalaryň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawyny tassyklamak asylly däpleriň birine öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli resminamalaryna, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklary dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde geçirilen işleriň netijesinde, şu ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Şu ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinde binalaryňdyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap obalar we şäherçeler bar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda gurulýan iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalary hem-de desgalary açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi we wise-premýere şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň öz wagtynda talabalaýyk gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly