Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Tut agajynyň seleksiýasy

13.01.2025

231

Tut agajynyň seleksiýasy

Kitapda tut agajynyň seleksiýasynyň döreýşi, ösüşi, ýeten derejesi we esasy ugurlary, tut  agajynyň seleksiýasynda sort we başlangyç serişdeler, onuň täze sortlaryny döretmegiň görnüşi we daşlaşdyrylan çaknyşdyrma, poliploidiýa, emeli mutagenez, seçgi usullaryny, şeýle hem geterozis gibridlerini döretmegiň tilsimi, seleksiýa işini gurnamagyň tertibi, seleksiýa serişdelere baha bermegiň usullary, täze döredilen sortlaryň we gibridleriň döwlet sort synagynyň gurnalyşy we olary oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmagyň tertibi barada maglumat berilýär.

Oba hojalyk önümçiliginiň ylym bilen hyzmatdaşlygyny täze talaplara laýyk ýola goýmak, oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasyny we tohumçylyk işini düýpli kämilleşdirmek barada       hormatly Prezidentimiziň görkezmeleri hem­de köptaraplaýyn goldawlary daýhanlarymyzy, alymlarymyzy we hünärmenlerimizi has netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

«Tut agajynyň seleksiýasy» okuw kitaby «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» oba hojalyk toplumyna girýän pudaklaryň öňünde goýan wezipelerinden, şol sanda ýokary hilli piläni öndürmek, şeýle hem ýüpek gurçuklarynyň ýeke­täk iýmit çeşmesi bolan tut agaçlarynyň ekilýän meýdanlaryny, seleksiýa işlerini artdyrmak ugrundaky maksatlardan ugur alnyp taýýarlanyldy.

Bu okuw kitabynda tut agajynyň seleksiýasynyň özboluşly aýratynlyklary, oba hojalyk önümçiliginde sortuň ähmiýeti, seleksiýanyň häzirki zaman usullaryny utgaşdyryp, olaryň täze sortlaryny we gibridlerini oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmagyň düzgünleri barada      maglumatlar berilýär. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, aspirantlar, ylmy işgärler we degişli hünärmenler üçin niýetlenendir.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly