Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

SUSI uçurymlary Pragadaky Global Zenanlar Forumynda

13.01.2025

259

SUSI uçurymlary Pragadaky Global Zenanlar Forumynda

ABŞ-nyň döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwreniş Institutlary” (SUSI) atly okuw maksatnamasynyň çäklerinde Ýaş Zenan Liderleri Maksatnamasyny gutaran 78 sany ýaş zenan Çeh Respublikasynyň Praga şäherinde 5-9-njy ýanwar aralygynda geçirilen Global Liderler Forumynda (GLOW) duşuşdylar.

Global liderlik konsortiumy tarapyndan gurnalan we ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan goldanan GLOW forumy, soňky üç ýylyň uçurymlaryny bir ýere jemledi, okuwlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň özboluşly gurşawyny döretdi. Foruma Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kiberfiziki ulgamlar fakuletetiniň 2-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa saýlandy.

Forum, geljekki liderlere jemgyýetçilige esaslanýan manyly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur hünärler we maglumatlar bilen üpjün etmäge gönükdirildi. Interaktiw sapaklar, terbiýeçilik we deň-duşlaryň arasynda okuw arkaly, gatnaşyjylar öz geljekki taslamalaryny ösdürmek hünärlerini kämilleşdirdiler, dünýä garaýyşlaryny giňeldiler we güýçli goldaw toruny döretdiler.

Daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamak baradaky taslamalardan başlap, bilim kämilleşdiriş we aýal-gyzlaryň hünärlerini ösdürmegi üçin mümkinçilikleri has-da artdyrmak maksatnamalaryna çenli dürli taslamalar bu ýaş zenanlaryň innowasion ruhuny we yhlasyny görkezdi. GLOW forumy bu aýal-gyzlara diňe bir öz taslamalaryny ösdürmek üçin däl, eýsem öz pikirdeşleri bilen aragatnaşyk gurmak, berk gatnaşyk gurmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat etdi.

Pragadaky bu ýygnak aýal-gyzlaryň liderlik ukyplaryny hem-de ýaş zenanlaryň jemgyýet we dünýä üçin ýagty geljegi gurmakda alyp barýan möhüm waka hökmünde hyzmat etdi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly