Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

“Türkmenistan - Ýaponiýa: ynanyşmak, dostluk, hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi

18.04.2025

84

“Türkmenistan - Ýaponiýa: ynanyşmak, dostluk, hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaponiýa iş sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Ýaponiýa iş saparynyň üstünlikli geçirilmegine hoşallygy beýan etmek we dabaralandyrmak maksady bilen “Türkmenistan - Ýaponiýa: ynanyşmak, dostluk, hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabaraly maslahatyň başynda institutyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde “Asyrlaryň arzuwy” atly türkmen-ýapon dillerinde edebi-sazly kompozisiýa görkezildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýändigini, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen-ýapon bilim-ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň degişli diplomynyň gowşurylmagy baradaky buýsançly habar maslahata gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.

“Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň talyplarynyň ýerine ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly ajaýyp eseriniň mazmunyny BMG-niň resmi dillerinde beýan edýän aýdymy dabaraly maslahata aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäde ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň berkarar bolmagynyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bütin dünýäde parahatçylygy ilerletmek boýunça halkara derejede öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň diňe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler

Çeşmesi: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024