Aşgabat
Täzelikler
72
Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginde «Bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ilerletmegiň täze sahypasy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatdaky çykyşlarda her bir güni şanly wakalar bilen dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Belent Mertebeli Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly taglymatlary esasynda ýurduň, halkyň, adamzadyň ykbaly bilen bagly amala aşyrylýan beýik işler, aýdyň maksatlar dogrusynda buýsançly söhbet edildi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» Günüň dogýan ýurdy Ýaponiýa döwleti bilen günüň çogly ýurdunyň – eziz Watanymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha rowaçlanýandygyna aýratyn üns berlip, Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň, şol sanda bilim babatdaky hyzmatdaşlykda täze sahypany açan taryhy wakalaryň ähmiýeti hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljekki mümkinçilikleri barada aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahatda çykyş edenler Ýaponiýa döwleti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we ösdürmek ugrundaky tagallalary, bilim, ylym we tehnologiýalar boýunça türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny giňeltmekdäki beýik hyzmatlary üçin, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Sukuba uniwersitetiniň Hormatly Doktory diýen akademiki derejäni ykrar edýän degişli diplom gowşurylandygy babatdaky hoş habary buýsanç bilen belläp geçdiler. Munuň özi, Türkmenistanda we Ýaponiýada bilim-ylym ulgamyndaky gatnaşyklaryň binýadynyň has-da berkidilýändigini, adam maýasyny ösdürmäge hem-de bu ugurda geljekki mümkinçiliklere aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu ýaponiýa bolan saparynyň baý mazmunly maksatnamasy boýunça Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Osaka şäherinde «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy hem-de ol ýerde eden taryhy çykyşy türkmen-ýapon özara gatnaşyklarynyň pugtalanmagynyň aýdyň ýörelgesidir. Ýurt Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň Imperatory, Premýer-ministri, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, bu ýurduň işewürler toparlarynyň we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen geçiren gepleşikleri, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalary, türkmen-ýapon gepleşikleriniň netijesinde, onlarça resminama gol çekilmegi bolsa ylym-bilim ulgamlarynda geljegimiz bolan ýaşlara has-da giň ýol açjakdygy ikuçsuzdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen dostluk, deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin ýola goýlan türkmen-ýapon özara ähmiýetli hyzmatdaşlygyň bu gün Belent Mertebeli Gahryman Prezidentimiziň beýik başlangyçlary esasynda yzygiderli ösdürilýändigine we ýaýrawynyň barha giňeldilýändigine şaýatlyk edýän maglumatlar sanardan köpdür. Bular barada durup geçmek bilen, dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen-ýapon gepleşikleriniň netijesinde, degişli resminamalara gol çekilip, şolaryň 5-siniň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilendiginiň has-da buýsandyryjydygyny bellediler.
Mälim bolşy ýaly, ylym, bilim ulgamlary işjeň ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm halkasy bolup durýar. Häzirki wagtda iki ýurduň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar esasynda hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňelýär. Türkmenistanda we Ýaponiýada iki ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara sergileri, ylmy maslahatlar, festiwallar geçirilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory we ykdysadyýet ylymlarynyň doktory, professor, Sukuba we Hirosaki uniwersiteleriniň Hormatly Doktory Gahryman Arkadagymyzyň ýapon dilinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaplary, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde gürleýän millionlarça ynsanlaryň kitap tekjelerini bezeýän ajaýyp sowgatlara öwrüldi. Munuň özi iki ýurduň diplomatik we intelligensiýa wekilleriniň arasynda gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrmaga hem-de iki dostlukly ýurduň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna oňyn täsir edýär.
Çykyş edenler bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ilerletmegiň täze sahypasyny açan wakalaryň Watana, halka, Hormatly Prezidentimize wepaly, ýurdumyzy gülledip ösdürjek nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda bilim işgärlerini täze sepgitlere ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen belläp, döredijilikli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Dabaraly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Şonuň ýaly-da, şu maslahat mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň eýwanynda bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna bagyşlanan serginiň guralmagy hem-de Maýa Kulyýewa dyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilim işgärleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edýän hoşallyk maslahatyna baýramçylyk ruhuny çaýdy.
«Bilim» ylmy-usuly žurnaly
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024