Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler

19.04.2025

62

Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 18-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçiriljek çärä YHG-ä agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň esasy maksady YHG-niň sebitinde Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr. Bu çäräniň dowamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini çözmegiň ýollaryna garalar, şeýle hem gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin hemmetaraplaýyn we durnukly strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Arkadag şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça Ministrler derejesindäki birinji forumyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024