Aşgabat
Täzelikler
90
Türkmenistanda Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda giň gerimli we ähmiýetli özgertmeler durmuşa geçirilýär, olaryň netijesinde ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek we sanly ulgamy halkara ülňülere laýyklykda ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. “Bilim ykdysadyýetiniň” barha artýan ähmiýetini göz öňünde tutup, bilim hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek we ilatyň ykdysady medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli hem-de toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Ýakynda, umumybilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan 12-nji synpy üçin döwrebap “Ykdysadyýetiň esaslary” atly okuw kitaby neşir edildi (awtory: Ç.Şallyýew – A.: Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy). Bu okuw kitaby bilim maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy hem-de “Bazaryň ykdysadyýeti”, “Bazar”, “Telekeçilik işi we onuň maliýeleşdirilmegi”, “Bank ulgamy”, “Makroykdysadyýet”, “Döwlet býujeti we salgytlar”, “Töleg balansy” we “Bütindünýä ykdysadyýeti” ýaly möhüm bölümleri öz içine alýar.
Kitabyň awtory okuw materiallaryny düzmekde we olary öwrenmegiň yzygiderliliginde özboluşly çemeleşmäni teklip edýär. Okuw kitaby bir bölümden we ýedi bapdan ybarat bolup, gysgaça düşündirişli sözlük hem-de synag soraglaryna dogry jogaplary öz içine alýar.
“Ykdysadyýetiň esaslary” diýen okuw dersi, adamlar tarapyndan öndürilen önümleri paýlamak, alyş-çalyş etmek we sarp etmek ýaly gatnaşyklary, şeýle hem bazardaky özüni alyp barşyny öwrenýär. Bu dersiň esasy maksady ýaşlaryň ykdysady pikirlenmesini ösdürmekden, olaryň telekeçilik başarnyklaryny kemala getirmekden hem-de ýurdumyzda ykdysady işjeňlige işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybarat bolup, bu bolsa döwletiň ykdysady kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. “Ykdysadyýetiň esaslary” atly okuw kitabynda häzirki zaman şertlerinde ykdysady medeniýetiň ösüşini görkezýän statistik maglumatlara, tablisalara, grafiklere we dürli suratlara giňden orun berilýär. Şeýle hem ykdysady terminleriň iňlis dilli manylaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimize ykdysady bilim ulgamyny ösdürmäge yzygiderli goldaw berýändigi we hünärli işgärleri taýýarlamak üçin şert döredýändigi üçin alkyş sözleri aýdylýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplary taýýarlamak we neşir işlerini guraýjy bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024