Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy: Lu Ban ussahanasynda amaly okuw sapaklary geçirilýär
2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Ähtnamanyň çäklerinde mugallymlaryň hünär ussatlygyny we pedagogik başarnyklaryny ýokarlandyrmak, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň durnukly ösüşini gazanmak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek, şeýle hem bilim ulgamynda hünärmenleriň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 24-31 aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynda uniwersitetiň professor-mugallymlaryna hem-de talyp-ýaşlaryna okuw sapaklaryny geçýärler.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmeginiarzuw edýäris.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti



















